Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Gyrgyzystan Belarusdaky ilçisini ýörite konsultasiýa çagyrdy


Anna güni Gyrgyzystanyň Daşary işler ministrligi Gyrgyzystanyň ozalky prezidentiniň inisi Janyş Bakyýewiň Belarusdan Gyrgyzystana ekstradisiýa edilmeýändigi bilen bagly ýüze çykan ýagdaýlar sebäpli, Belarusdaky gyrgyz ilçisini ýörite konsultasiýa çagyrdy.

Geçen hepdäniň anna güni Janyş Bakyýewiň Minsk şäherinde alnan suraty internetde peýda bolupdy. Gyrgyzystanyň hökümeti onuň haýdan-haý tussag edilmegini we ekstradisiýa edilmegini sorap, Belarusa ýüz tutupdy.

Janyş Bakyýew bilen birlikde ýene 20-den gowrak adam Gyrgyzystanda gaýybana sud edilip, uzak möhletleýin türme tussaglygyna höküm edilipdiler. Gyrgyzystanyň ozalky prezidenti Kurmanbek Bakyýew hem 2010-njy ýyldan bäri Belarusda bosgunlykda ýaşaýar.
XS
SM
MD
LG