Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Parahatçylygy edaradan başga hemme ýerde gorap bolýamy?


BMG-niň Baş edarasy, Nýu-Ýork.
BMG-niň Baş edarasy, Nýu-Ýork.
Basyş etmek, dişlemek, mobil telefony bilen hüjüm etmek ýa jynsy gatnaşyga mejbur etmäge synanyşmak ýaly wakalar geçen ýyl BMG-niň işgärleri tarapyndan edilen 100-e golaý etmişiň arasynda agzalýar. Bu barada BMG-niň Baş sekretary Pan Gi Munuň Baş Assambleýa beren hasabatynda aýdylýar.

Bu meselä degişli pozitiw täzelik – düzgüniň bozulmagy bilen bagly wakalary derňemek boýunça edilen ýüzlenmeler geçen ýylkysyndan biraz azalypdyr. BMG-niň işgärleriniň sanynyň 63 müň adamdan ybaratdygy hasaba alnanda, berilýän sanlar onçakly köp hem däl ýaly bolup görünýär.

Şeýle wakalaryň iň ýokary derejesiniň 2008-nji we 2009-njy ýyllara degişli bolandygy, şonda 440 sany şikaýatyň hasaba alnandygy habar berilýär.

Meseläniň erbet tarapy – parahatçylygy saklamak işini alyp barýan guramanyň käbir işgärleriniň rehimsizligine degişlidir. Şeýle işgärleriň biri öz kärdeşiniň kellesine demir turba bilen urupdyr.

Şu ýyl guramanyň özünde 35 işgär we guramanyň bölümlerinde ýene 60 işgär bidüzgünçiliklere baş goşupdyr. Hadysalaryň ýedisiniň jenaýata esaslanýan bolmagy mümkin. Munuň bilen bilelikde, bir jenaýatçylykly waka ýedi sany işgär gatnaşypdyr.

2011-nji ýylyň iýul aýyndan 2012-nji ýylyň 30-njy iýunyna çenli döwri öz içine alýan hasabat hadysalaryň aglaba böleginiň galplyga, ýalançylyga we töhmetçilige degişli bolanlygyny görkezdi. Käbir düzgün bozmalarda işgärler öz wezipelerinden hyýanatçylykly peýdalanmak, kemsitmek ýa diskriminasiýa etmek ýaly hereketlere baş goşupdyrlar.

Şeýle-de söz bilen we fiziki taýdan hüjüm etmek ýaly hadysalaryň hem bolandygy habar berildi. Olaryň birinde işgär öz başlygyna ony öldürjekdigini aýdyp, ony mobil telefony bilen urmaga synanyşypdyr. Ol ýene iki kärdeşiniň we olaryň maşgala agzalarynyň howpsuzlygyna hem wehim salmak bilen haýbat atypdyr.

Ýene bir wakada işgär öz oturýan oturgyjynyň tirsegini goparyp, ony kärdeşiniň ýüzüne zyňypdyr we onuň sag gözüne hem maňlaýyna şikes ýetiripdir.

Bir işgäriň BMG-niň meýletinçisine hüjüm edip, ony birnäçe gezek dişländigi, ol kömek çagyrmakçy bolanda ony urup, bogmaga synanyşandygy habar berilýär.

Şeýle wakalara gatnaşan işgärleriň ählisi wezipelerinden boşadylypdyr.

Jynsy taýdan kemsitlmeler bilen bagly wakalar hem bolupdyr. Guramanyň bir işgäriniň işe ýerleşmekçi bolan birini jynsy gatnaşyga çekmäge eden synanyşygynyň üsti açylypdyr.

Ygtyýarlygy bolmadyk şahslaryň we kompaniýalaryň BMG-niň hasabyna uçuşlary amala aşyrmagy, şeýle-de hak tölemek boýunça kagyzlaryň we immigrasion dokumentleriň galplaşdyrylmagy hem galplyk bilen bagly wakalaryň arasynda agzalýar.

BMG-niň işgärleriniň arasynda guramanyň kompýuter, kamera ýaly tehniki emlägini ogurlanlar hem bolupdyr.

2011-2012-nji ýyllarda şeýle wakalaryň sany 2010-2011-nji ýyllara garanda 126-dan 95-e çenli azalan hem bolsa, BMG-niň Baş sekretary Pan Gi Munuň metbugat wekiliniň orunbasary Eduardo del Bueý hadysalaryň azalmagyna tendensiýa hökmünde garamaýandygyny aýtdy.
XS
SM
MD
LG