Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Günorta Ossetiýa we Abhaziýa garaşsyzlyk gününi belleýärler


Ýekşenbe güni Gürjüstanyň separatistik regionlary bolan Günorta Ossetiýa bilen Abhaziýa öz garaşsyzlyklarynyň dört ýyllygyny belläp geçýärler.

Günorta Ossetiýanyň parlamentiniň spikeri Stanislaw Koriýew bu waka bilen baglanyşykly eden çykyşynda şu geçen dört ýylyň dowamynda Günorta Ossetiýanyň “ruhunyň döwülmändigini” nygtady we bu regionyň halkyny “gahryman halk” diýip atlandyrdy.

Abhaziýanyň daşary işler ministri Wýaçeslaw Çirikba hem öz çykyşynda Gürjüstan bilen Abhaziýanyň territorial konfliktleriniň heniz tamamlanmandygyny belledi.

Dört ýyl mundan ozal, 2008-nji ýylyň 26-njy awgustynda Orsýet Gürjüstanyň bu iki regionyny özbaşdak ýurtlar hökmünde ykrar edipdi. Şondan bäri dünýäniň diňe sanlyjy ýurdy bu iki regionyň garaşsyzlygyny ykrar etdi.
XS
SM
MD
LG