Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ukraina: şikaýat sudy Timoşenkonyň haýyşyny ret etdi


Ukrainanyň ozalky premýer-ministri Ýuliýa Timoşenkonyň özüne bildirilen ozalky jenaýat aýyplamasyna garşy eden şikaýatyny ýurduň Ýokary şikaýat sudy çarşenbe güni ret etdi.

Geçen ýylyň oktýabrynda Ukrainanyň sudy ony wezipesinden hyýanatçylykly peýdalananlykda aýyplap, ýedi ýyl türme tussaglygyna höküm edipdi.

Ýuliýa Timoşenko özüne bildirilen bu aýyplamany we suduň çykaran hökümini syýasy matlaba esaslanýan çäre hasaplap, muňa protest bildirmegini dowam etdirýär.

Häzirki wagt Ukrainanyň sudy oňa maliýe galplyklary bilen baglanyşykly başga-da bir jenaýat aýyplamasy boýunça sud seljermesini alyp barýar.
XS
SM
MD
LG