Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Nazarbaýew baradaky filmiň soňky bölümleri surata düşürilýär


Nazarbaýewiň ýaşlyk ýyllary baradaky "Meniň çagalygymyň asmany" atly filmiň afişasy.
Nazarbaýewiň ýaşlyk ýyllary baradaky "Meniň çagalygymyň asmany" atly filmiň afişasy.
Gazagystanda “Gazakfilmiň” döredijilik topary prezident Nursoltan Nazarbaýew hakyndaky "trilogiýany", ýagny üç eserden ybarat filmi surata düşürmek üçin senagat şäheri bolan Temirtaua bardy.

"The Way Of The Leader," ýagny "Lideriň ýoly" atly trilogiýany kino düşürmek işi 2009-njy ýylda başlanypdy. Birinji kinofilm Nazarbaýewiň gara öýde ulalan irki durmuşy barada bolup, ol "Meniň çagalygymyň asmany" ady bilen 2011- nji ýylda halk köpçüligine hödürlenipdi.

Ikinji kinofilm "Iron Mountain," (Demir dag) bilen üçünji kinofilm "Fire River" (Ot derýasy) bir wagtda surata düşürilýär we ol prezident Nazarbaýewiň galan durmuşyny öz içine alýar.

"Hakykatyň hatyrasyna"

Ikinji kinofilmde Nazarbaýewiň Komsomoldan Temirtaua gelşi we onuň Garagandanyň metallurgiýa kärhanasynda işe ýerleşişi suratlandyrylýar. Şondan soň ol Ukrainanyň Dneprodzeržinsk şäherine ugradylyp, ol şol ýerde zawodda peç operatory bolup işleýär.

Temirtau 180 müň ilatly şäher bolup, ol Gazagystanyň Garaganda regionynyň demirgazygynda ýerleşýär. Ol sowet döwründe respublikanyň polat senagatynyň merkezine öwrülipdi. Bu şähere daş töwereginde demre baý ýataklar ýerleşýändigi üçin Temirtau diýilýär. Ol gazak dilinde "Demir dag" diýildigidir. Şol ýerde hem Nazarbaýew öz aýaly Sara bilen tanyşýar.

Agzalýan kinofilmiň režissýory Rüstem Abdraşewyň aýtmagyna görä, "Kinofilm hakyky wakalara esaslanýar, onda hiç hili fantaziýa ýa-da erteki ýok. Maglumatlar prezidentiň daş-töweregindäki adamlardan ýygnalan. Haçanda senariý ýazylyp tamamlanandan soň, prezident ony okady we makullady."

"Meniň çagalygymyň asmany" filminde Nazarbaýewiň ýaşlykdaky keşbi suratlandyrylýar.
"Meniň çagalygymyň asmany" filminde Nazarbaýewiň ýaşlykdaky keşbi suratlandyrylýar.
"Meniň çagalygymyň asmany" atly kino halk köpçüligine hödürlenende, Abdraşew žurnalistlere ýüzlenip, kinofilmde, käbir hökümet tankytçylarynyň aýdyşy ýaly, şahsyýet kultuny döretmäge synanyşylmandygyny, ýöne hakykaty beýan etmek üçin sowet döwrüne täzeden baha bermäge synanyşylandygyny we ozal şol döwürler barada hakykatyň köplenç aýdylmandygyny belledi.

Režissýorlar kinofilmi şäheriň dürli künjeklerinde, ýagny Medeniýet köşgünde, elektrostansiýada, polat öndürýän zawodda we tramwaý garažynda ýazga düşürýärler.

Şeýle hem kinoda ulanmak maksady bilen adamlardan 1950-nji we 1960-njy ýyllara degişli harytlary we egin-eşiklerini peýdalanmaga bermeklerini sorap, şäherde dürli bildirişler asylypdyr.

Maliýe çeşmeleri belli däl

Kinofilmi maliýeleşdirýän çeşme entäk hem nämälim. Agzalýan kinofilmi ýazga düşürýän toparyň agzalaryndan biriniň Azatlyk Radiosyna habar bermegine görä, býujet we maliýeleşdirme baradaky maglumatlar kinofilm surata düşürilip bolandan soň aýan ediler.

Nagt puluň kim tarapyndan berilýändigi bulaşyk bolsa-da, Gazagystanyň kinofilm industriýasynyň bu işi amala aşyrmak üçin resmiler tarapyndan höweslendirilendigini aýtmaga esas bar. Mart aýynda Nazarbaýew film industriýasynyň ýolbaşçylaryna ýüzlenip, olary has köp "watançylykly kinofilmleri" döretmäge çagyrypdy.

Nazarbaýew daşary ýurt kinofilmlerini jemgyýeti doly görkezmän, has şähsyýetleşdirilen sahnalary öz içine alýanlykda tankytlapdy. Onuň aýtmagyna görä, olarda ylma bolan höwes, biri-birini goldaýan adamlaryň hakyky dostlugy, hakyky söýgi ýa-da ýurduň, watanyň üçin zähmet çekmäge bolan adaty islegler seýrek suratlandyrylýar.

Döwlet eýeçiligindäki "Gazakfilm" kompaniýasy diňe ýerli ilat üçin döredilýän kinofilmleri maliýeleşdirmek hem-de öndürmek bilen çäklenmän, eýsem Gazagystany halkara arenasynda “ösen ýurt” hökmünde görkezýän kinolary hem goldaýar.

Gazak hökümeti gazak hem-de iňlis dilinde düşürilen "Nomad", ýagny "Çarwa" atly taryhy eposa 40 million amerikan dollaryny çykarypdy. Bu kinofilm Amerikada hem görkezilipdi.

Çingiz hanyň irki durmuşyny suratlandyrýan "Mongol" atly kinofilm has hem üstünlikli bolupdy. Ony Gazagystan, Mongoliýa, Orsýet we Germaniýa bilelikde surata düşüripdiler. Şol kinofilm tankytçylar tarapyndan gowy kabul edilipdi we halkara arenasynda ujypsyz maliýe üstünligine hem eýe bolupdy.
XS
SM
MD
LG