Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Müsüriň prezidenti Mürsi Siriýanyň režimini ýazgardy


Penşenbe güni Müsüriň prezidenti Muhammad Mürsi Siriýanyň häzirki režimini “repressiw” režim diýip häsiýetlendirdi we ýurduň häkimiýetlerini parahatçylykly ýol bilen demokratiýa tarap ýola düşmeklige çagyrdy.

Eýranyň paýtagty Tähranda “soýuzdaş dälleriň hereketi” diýlip atlandyrylýan topara agza ýurtlaryň sammitinde eden bu çykyşynda prezident Mürsi Siriýadaky heläkçilikleriň öňüni almak üçin halkara jemgyýetçiligini hem aktiw hereketlere çagyrdy.

Muhammad Mürsüniň bu çykyşynyň dowamynda Siriýanyň delegasiýa agzalarynyň maslahatyň zalyny terk edendikleri habar berilýär.

Muhammad Mürsüniň bu sapary Müsüriň döwlet lideriniň soňky 30 ýylyň dowamynda Eýrana eden ilkinji sapary hökmünde alamatlandy.
XS
SM
MD
LG