Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ozalky gyrgyz prezidenti ötünç sorady


Gyrgyzystanyň ilkinji prezidenti Askar Akaýew. 2010 ý.
Gyrgyzystanyň ilkinji prezidenti Askar Akaýew. 2010 ý.
Gyrgyzystanyň öňki prezidenti Askar Akaýew özüniň 1990-njy ýyldan 2005-nji ýyla çenli garaşsyz Gyrgyzystanyň prezidenti bolup ýurdy dolandyran döwründe dörän ykdysady we syýasy problemalar, şeýle hem öz goýberen "şahsy ýalňyşlyklary" üçin Gyrgyzystanyň halkyndan ötünç sorady.

Akaýew Gyrgyzystanyň garaşsyzlyk gününe gabatlaşdyryp Azatlyk Radiosyna beren interwýusynda şeýle diýdi: "Men ýurdumyzyň düýbi tutulýan döwürde siziň maňa ynam bildirmegiňiz bilen 14 ýyldan gowrak prezident bolup hyzmat etdim. Hawa, käbir şowsuzlyklar boldy, uly ýalňyşlar edildi. Şol sebäpden meniň goýberen ýalňyşlyklarym prezidentlik döwrümde ýa ondan soň Gyrgyzystana oňaýsyz täsir eden bolsa, şu pursatdan peýdalanyp, ähli gyrgyz halkyndan ötünç soraýaryn".

Häzirki wagt alym bolup işleýän ozalky syýasatçy 2005-nji ýylyň martynda turan hökümete garşy protestleriň netijesinde häkimiýet başyndan çetleşdirilipdi. Ol şondan bäri Moskwada ýaşaýar.

"Iň esasy ýalňyşlyklaryň biri"

Akaýewiň aýtmagyna görä, onuň “goýberen esasy ýalňyşlyklarynyň biri” uly bolmadyk kärhananyň direktory Kurmanbek Bakyýewi welaýat häkimi etmek, soňra hem oňa premýer-ministrlik wezipesini bermek bolupdyr. Bakyýew "halka hem ýurda köp zyýan ýetirdi" diýip, 67 ýaşly Akaýew belledi.

Bakyýew 2005-njy ýylda Gyrgyzystanyň ”Çigildem rewolýusiýasynyň” yzysüre Akaýewiň ýerine prezident boldy.

Bakyýewiň özi hem giňden ýaýran korrupsiýada we garyndaşparazlykda aýyplanyp, 2010-njy ýylda turan hökümete garşy gazaply protestlerde häkimiýet başyndan aýryldy. Turan bulagaýlykda 100 töweregi adam öldi. Häzir Belarusda ýaşaýan Bakyýewe, Gyrgyzystana baran ýa-da ekstradisiýa edilen halatynda, köp sanly adamyň gyrylmagy we korrupsiýada bildirilýän aýyplamalar boýunça sud prosesi garaşýar.

Akaýew Gyrgyzystanyň syýasy sahnasyna syýasatçylaryň täze nesliniň gelip, ýurduň Orta Aziýada "demokratiýanyň adasy" diýen adyny gaýtadan dikeldilmegini arzuw edýändigini nygtady.

5.5 million töweregi ilatly garyp Gyrgyzystan ençeme tolgunyşyklary başdan geçirdi.

2010-njy ýylyň iýunynda ýurduň günorta regionlarynda gazaply etniki çaknyşyklar boldy. Jalalabat we Oş regionlarynda 450 töweregi adam ölüp, müňlerçe adam öýlerini we eklenjini elden gidirdi.

2011-nji ýylyň oktýabrynda geçen saýlawlardan bäri Gyrgyzystan Orta Aziýanyň ýeke-täk parlamentar demokratiýasy hasaplanylýar.

Syýasy ýolbaşçylar häzir täze hökümet barada maslahat geçirýärler. Häkimiýet başyndaky 4 partiýadan ybarat koalisiýa ykdysadyýeti ýola goýmak we korrupsiýa garşy göreş boýunça özara ylalaşyp bilmän, şu aýyň başlarynda dargadylypdy.
XS
SM
MD
LG