Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

HRW Pakistana şaýy musulmanlaryny goramaga çagyryş etdi


Adam hukuklaryna gözegçilik edýän “Human Rights Watch” guramasy Pakistanyň resmilerine ýüzlenip, ýurtda köpçülikdäki sünni musulmanlary tarapyndan hüjüm edilýän azlykdaky şaýylary goramak üçin “gyssagly çäreleri” görmäge çagyrdy.

Düýbi ABŞ-da ýerleşýän guramanyň beýanatynda bellenmegine görä, şu ýyl Pakistanda azyndan 320 şaýy musulmany öldürilipdir. Şeýle-de hasabatda ýurduň günorta-günbataryndaky Baluçistan welaýatynda 100-e golaý hazarylaryň hem hüjümlerde öldürilendigi nygtalýar.

“Human Rights Watch” guramasy Yslamabadyň sünni söweşiji, şol sanda “Lashkar-e Jhangwi” toparyna garşy ýeterlik çäreleri görmeýändigini aýdýar. “Lashkar-e Jhangwi” sünni musulmanlarynyň iň ekstremistiki toparlarynyň biri hökmünde häsiýetlendirilýär. Toparyň ýüzlerçe şaýylary öldürendigi nygtalýar.
XS
SM
MD
LG