Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Owganystan: garaňkylykdaky umyt uçguny


Kabuldaky ýörite guramanyň ýolbaşçysy Muhammet Isagyň aýtmagyna görä, bu gorag öýi owganystanlylaryň etniki, syýasy, dini ýagdaýlaryna we geçmişine garamazdan, adamlary kabul edýär.
Kabuldaky ýörite guramanyň ýolbaşçysy Muhammet Isagyň aýtmagyna görä, bu gorag öýi owganystanlylaryň etniki, syýasy, dini ýagdaýlaryna we geçmişine garamazdan, adamlary kabul edýär.
Owganystanyň ýakyn taryhynda etniki hem dini bölünişikler we syýasy dawalar esasynda amala aşyrylan uruş we dartgynlylyk agdyklyk edýär.

Häzirki wagtda owganystanlylaryň ählisiniň bir owgan baýdagynyň astynda ýaşaýandygyna garamazdan, gapma-garşy toparlaryň we adamlaryň diňe bir duldegşir ýaşaşmaklary däl, eýsem olaryň bilelikde işleşmekleri-de juda kyn meseleleriň biri.

Geçmişde Kabulyň iň agyr etnigara we dini söweşleri başdan geçiren ýerlerinden birinde gaçybatalga maksady bilen gurlan bir merkez häzir edil şu işi amala aşyrmaga synanyşýar.

Öňki urşujylaryň köpüsi hemişelik maýyp bolup, olar şol merkeze girenlerinde, öňki duşmançylyklaryny, pikir tapawutlylyklaryny gapydan daşarda galdyryp girýärler.

Ol ýerde olar Owganystanyň döwlete degişli bolmadyk Maýyplar bileleşiginiň hemaýatlary netijesinde iýmit, ýaşaýyş ýeri hem-de maddy goldawlardan peýdalanyp bilýärler.

Köpler üçin hemaýat

Bu guramanyň ýolbaşçysy Muhammet Isagyň aýtmagyna görä, şol gorag öýi owganystanlylaryň etniki, syýasy, dini ýagdaýlaryna we geçmişine garamazdan, adamlary kabul edýär. Ol adamlaryň duçar bolan umumy betbagtlyklary netijesinde bir ýere jemlenendigini we garaşylmadyk raýdaşlygyň peýda bolandygyny aýdýar.

“Olaryň hemmesi birmeňzeş derwaýys problemalar bilen ýüzbe-ýüz. Olaryň hersiniň hemaýat etmeli köp maşgala agzalary bar. Olar şu problemalardan kynlyk bilen baş alyp çykýarlar. Olaryň maýyplar üçin niýetlenen ulagy ýa-da derman almak üçin ýeterlik pullary ýok. Hatda biziň hemaýat edýän ujypsyzja pulumyz hem olar üçin ýeterlik däl” diýip, Muhammet Isag aýdýar.

Isak ýüzden gowrak hasaba alnan ýaşaýjysy bolan bu gorag öýüniň çykdajylarynyň bir bölegini ýerli ilatyň, galan bölegini bolsa gorag öýündäki adamlaryň zähmet çekip gazanan girdejileri bilen üpjün edilýändigini aýdýar.

Gorag merkezindäki adamlaryň hersi özüniň başarnygyna görä edip biläýjek işlerini saýlap alýarlar. Kimleri gurluşyk meýdançalaryna materiallary daşaýan bolsa, käbirleri ýerli bazarlarda ýükçi bolup işleýärler. Olaryň arasynda köwüşleri tikmek, motosikllelri we hatda uly ulaglary bejermek bilen meşgullanýanlary-da bar.

Birek-birege goldaw

Isagyň aýtmagyna görä, günüň soňunda gorag öýüniň hemme agzalary gazanan pullaryny merkeze getirýärler we olary deň paýlaşýarlar. Olaryň her biri, ortaça, 200 owgana, ýagny 4 amerikan dollaryna golaý pul gazanýarlar we ol gorag öýi tarapyndan hemme ýaşaýjylara deň paýlanylýar.

Bu merkezdäki ýaşulularyň biri Bismilla Wekili ýere ýazylan düşegiň üstünde gorag öýüniň beýleki ýaşaýjylary bilen çaý içip otyr. Ol ýuwaşlyk bilen çaýyny owurtlaýarka, 1980-nji ýyllarda Sowet Soýuzy Owganystana çozanda nädip aýagyndan maýyp bolandygyny ýatlaýar.

Wekili öňki uruş komandiri Abdul Resul Saýýafyň ýolbaşçylgyndaky “Owganystan partiýasynyň azatlyk üçin Yslam Bileleşigi” atly harby toparyň agzasy bolup, ol sowet goşuny tarapyndan amala aşyrylan bomba hüjüminde aýagyndan mahrum bolandygyny aýdýar.

Wekili özüniň bu ýagdaýa gynanmaýandygyny aýdyp, maýyp bolmagy hem-de gorag öýüne ýerleşýänçä başdan geçiren uzak kynçylyklardan halas bolandygyny nygtaýar.

“Eger biz bir adamyň garyp bolup, öz etmeli wezipesini berjaý edip el-aýagyndan mahrum bolandygyna göz ýetirsek, ony biz kabul edýäris. Şeýle ýagdaýda olaryň haýsy tire-taýpadan bolandygy o diýen tapawut edenok. Men müjaheddinler we hökümetiň tarapynda göreşýänler bilen ýaşaýaryn. Olar diri galmak hem-de iýmek üçin bir zat tapmaga synanyşyp, el-aýagyndan mahrum bolupdyrlar” diýip, Wekili aýdýar.

Hökümetden nägilelik

Sakgally, orta ýaşly Atik Wahidulla sag aýagynyň abat galan bölegini gaşap, diwaryň garşysynda närahat ýagdaýda ýatyr. Ol 1999-njy ýylda Talybana garşy göreşen öňki “Demirgazyk bileleşigi” atly koalisiýanyň pyýada esgeri bolan wagtynda, öz aýagynyň köp bölegini maýyp edendigini aýdýar.

Ol şonda Kabulyň demirgazygynda, Penjşirde ýerleşýän topara Talyban söweşijileriniň raketalar bilen hüjüm edendigini aýdýar. Şol raketalaryň biri hem edil onuň öňüne gelip düşüpdir.

Wahidulla hem bu merkeziň beýleki agzalary ýaly, hökümetde bu merkezdäki adamlara ýardam etmek isleginiň ýokdugyny aýdyp, muňa nägilelik bildirýär we halkyň goldawyny gazanmak isleýän bolsa, hökümetiň etmeli zatlarynyň gaty köpdügini aýdýar.

Ol ýylda 13 müň owgany, ýagny takmynan 270 amerikan dollary möçberinde “ujypsyz” posobiýa alýandygyny we ony alty kişiden ybarat maşgalasynyň goldawy üçin bir aýda harçlaýandygyny aýdýar.
XS
SM
MD
LG