Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmen ýaşlary we syýasat


Türkmen ýaşlary Aşgabatda Gawun baýramy bilen baglanyşykly çärä gatnaşýarlar. Aşgabat,12-nji awgust, 2012.
Türkmen ýaşlary Aşgabatda Gawun baýramy bilen baglanyşykly çärä gatnaşýarlar. Aşgabat,12-nji awgust, 2012.
3-nji sentýabrda Aşgabatda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň 4-nji gurultaýy geçirildi. Oňa ýurduň ýaşlar guramalaryndan 400-den gowrak delegatyň gatnaşandygy aýdylýar.

Türkmen metbugaty gurultaýyň başynda prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň iberen gutlagynyň okalandygyny ýazdy. Prezident öz gutlagynda Ýaşlar guramasynyň agzalarynyň jemgyýetiň agzybirliginiň pugtalanmagyna işjeň gatnaşmalydygyny belläpdir.

Resmi metbugat Ýaşlar guramasynyň döwletiň we ýaşlaryň bähbitlerini goramak ugrunda çykyş etmeldigini we onuň esasy wezipesiniň demokratik ýörelgelere ygrarly bolan döwletiň we jemgyýetiň sazlaşykly ösüşine goldaw bermekden ybaratdygyny ýazýar.

Eýsem, türkmen ýaşlary döwletiň we ýaşlaryň bähbitleriniň goralmagynda, jemgyýetiň sazlaşykly ösmeginde, ýurduň syýasy durmuşynda nähili rol oýnaýar we nähili rol oýnamaly?

Azatlyk Radiosy şu we beýleki meseleler boýunça pikirlerini aýtmaklaryny sorap, Aşgabatdan hukukçy žurnalist Aşyrguly Baýryýewi, Orsýetden pedagogiki ylymlaryň kandidaty Serdar Ataýewi, Ýewropadan türkmen synçysy Ýazmyrady telefon arkaly “Tegelek Stol” söhbetdeşligine çagyrdy.

Şu temadan geçirilen “Tegelek Stol” gepleşigini diňlemek üçin, şu ýere basyň:
please wait

No media source currently available

0:00 0:24:00 0:00
Ýükle
XS
SM
MD
LG