Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Futbol: dünýä çempionatynyň ilkinji saýlamala oýunlary geçdi


Anna güni giçlik futbol boýunça dünýä ýaryşyna saýlama oýunlaryň birnäçesi geçirildi. 2014-nji ýylda Braziliýada geçiriljek bu dünýä ýaryşyna saýlama oýunlaryň ilkinji tapgyry Ýewropadaky oýunlar bilen başlandy.

Anna güni ozalky dünýä çempiony Italiýa Bolgariýanyň komandasy bilen 2-2 hasap bilen deňme-deň oýnady.

Portugaliýanyň futbol komandasy Lýuksemburgyň komandasyny 2-1 hasap bilen, Orsýetiň komandasy Demirgazyk Irlandiýanyň komandasyny 2-0, Ermenistanyň komandasy bolsa Maltanyň komandasyny 1-0 habap bilen utdy.

Şeýle hem, anna güni Germaniýa Faroe adalarynyň komandasyndan 3-0 hasap bilen, Gürjüstanyň komandasy Belarusyň komandasyndan 1-0 hasap bilen, Irlandiýanyň komandasy bolsa Gazagystanyň komandasyndan 2-1 bilen üstün çykdy.
XS
SM
MD
LG