Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Hüjümden soň ABŞ deňiz goşunyny Tripolä ugradýar


Obama: “Birleşen Ştatlar bu gazaply we sarsdyryjy hüjümi gaty berk ýazgarýar".
Obama: “Birleşen Ştatlar bu gazaply we sarsdyryjy hüjümi gaty berk ýazgarýar".
Bengazide amerikan ilçisiniň öldürilmegine jogap edip, Waşington iki sany ýarag göteriji gämisini we deňiz güýçleriniň 50 sany esgerini Liwiýa ugratdy.

Amerikan goşuny Liwiýanyň paýtagty Tripoli şäherinde ABŞ-nyň ilçihanasyny goramak üçin ýerleşdirildi. Ilçihanadaky işgärleriň sany howpsuzlyk ýagdaýy sebäpli azaldyldy.

Bengazidäki ABŞ-nyň diplomatik missiýasynyň işgärleri hem penşenbe güni ewakuasiýa edildi. Sişenbe güni giçlik ABŞ-nyň konsullygyna edilen ýaragly hüjümde ABŞ-nyň ilçisi Jon Kristofer Stevens bilen birlikde üç sany diplomat öldürildi.

Şol bir wagtda ABŞ-nyň prezidenti Barak Obama Müsüriň we Liwiýanyň ýolbaşçylaryny howpsuzlyk boýunça hyzmatdaşlyk meselesini maslahat etmäge çagyrdy.

Protestçiler ABŞ-nyň Kairdaky ilçihanasyny gabadylar, 11-nji sentýabr, 2012
Protestçiler ABŞ-nyň Kairdaky ilçihanasyny gabadylar, 11-nji sentýabr, 2012
ABŞ-nyň Kairdäki ilçihanasy hem sişenbe güni giçlik musulman protestçileri tarapyndan gabaldy. Bu protest ýörişe Muhammet Pygambere dil ýetirýän Birleşen Ştatlarda döredilen hususy filmiň ýaýradylmagy sebäp boldy.

Ilkibaşda ilçi Kristofer Stewens we beýleki üç amerikan diplomaty şol film sebäpli gahar-gazaba münen bir üýşmeleň tarapyndan Liwiýanyň gündogarynda öldürildi diýen maglumat berildi.

Waşington bu wakanyň 11-nji senýabr terrorçy hüjümleriniň ýyl dönümi bilen baglylykda “Al-Kaýda” toparynyň planlaşdyran dildüwşigi bolmagynyň ähtimaldygyny derňeýär.
Amerikan resmileri Bengazide hüjümi gurnanlykda güman edilýän söweşijileri yzarlamaga ýardam berjek pilotsyz uçarlarynyň taýýar edilendigini aýdýarlar.

Hüjüm edenler jogapkärçilige çekiler

ABŞ-nyň prezidenti Barak Obama Stewensi öldürenleriň jogapkärçilige çekiljekdigine söz berdi.

Ýöne Bengazide ABŞ-nyň konsullygyna hüjüm edilmegi Waşington bilen Tripoliniň arasyndaky gatnaşygy bozup bilmez diýip, Obama nygtady.

Obama: “Birleşen Ştatlar bu gazaply we sarsdyryjy hüjümi gaty berk ýazgarýar. Biz öz diplomatlarymyzy goramak üçin Liwiýanyň hökümeti bilen iş alyp barýarys. Beýleki ýurtlarda hem men öz diplomatik edaralarymyzyň howpsuzlygyny güýçlendirmek barada administrasiýama görkezme berdim. Biz öz adamlarymyza hüjüm edenleri jogapkärçilige çekmek üçin Liwiýanyň hökümeti bilen işleşeris”.

Döwlet sekretary Hillary Klinton Bengazidäki ABŞ-nyň konsullygyna garşy edilen hüjüm “ähli dinleriň wekillerini sarsdyrdy” diýdi.

Klinton: “Bu dünýädäki ähli dinleriň wekillerini sarsdyryjy hüjümdir. Biz bu manysyz bidüzgünçiligi gaty berk ýazgarýarys hem-de wepat bolanlaryň ruhuna bagyşlaýan dogalarymyz bilen olaryň maşgalalaryna, dostlaryna we kärdeşlerine duýgudaşlyk bildirýäris”.

Liwiýanyň hökümeti bu hüjümi berk ýazgardy we ony gurnanlary tapmak üçin ähli mümkinçiliklerini ulanjakdygyny mälim etdi.

Orsýetiň daşary işler ministri Sergeý Lawrow “ABŞ-nyň diplomatlarynyň tragiki ölüminiň özüni sarsdyrandygyny” aýtdy. Klintona ýollan telegrammasynda ol bu hüjüm “terrorizm belasynyň ähli formalaryna garşy göreşde biziň ýurtlarymyzyň we bütin dünýa jemgyýetçiliginiň bilelikdäki tagallaryna zerurlygyň bardygyny ýene-de bir gezek tassyklady” diýip belledi.

Bidüzgünçilige getiren ýagdaý

Owganystanyň prezidenti Hamid Karzaý protestlere itergi beren filmi ýazgardy we ony döredenler “şeýtanyň hereketini” etdiler diýdi. Ol Yslama dil ýetirmäge söz azatlygynyň rugsat bermeýändigini aýtdy.

Owganystanyň häkimiýetleri ynjydyjy filmi owganystanlylaryň tomaşa etmezligi üçin çarşenbe güni az salymlyk YouTube saýtyny petiklediler.

Ak Tamyň aýtmagyna görä, “Liwiýadaky we Müsürdäki bidüzgünçilige getiren ýagdaý Owganystanda gaýtalanmaz ýaly we ABŞ-nyň güýçlerine hem-de owganystanlylara howp abandyrmaz ýaly bilelikde işleşmegiň möhümdigi barada “Obama we Karzaý telefon arkaly maslahat edipdirler.

Talybanlar ABŞ-nyň Owganystandaky esgerlerinden “ar almaklyga” çagyryş etdiler.
Müsüriň premýer-ministri Haşam Kandil ynjydyjy film üçin ABŞ-nyň hökümeti aýyplanmaly däl diýdi.

Eýranyň daşary işler ministri filme “myrtar” diýip baha berdi we ABŞ-nyň “dymmasy” Yslama şeýdip dil ýetirilmegine höwes döredýär diýdi.
XS
SM
MD
LG