Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Musulmanlary öjükdiren filmiň syrly taraplary


Yslam dünýäsinde gahar-gazaba sebäp bolan “Musulmanlaryň bigünäligi” atly filmden bir epizodyž suraty.
Yslam dünýäsinde gahar-gazaba sebäp bolan “Musulmanlaryň bigünäligi” atly filmden bir epizodyž suraty.
Täze döredilen film sebäpli Ýakyn Gündogar regionynda anti-amerikan protestleriniň giň gerim almagy bilen bir wagtda, bu filmiň gelip çykyşy barada-da birgiden soraglar ýüze çykdy.

Ozalbaşda professional däl kinoçylar tarapyndan surata düşürilen we “Musulmanlaryň bigünäligi” diýlip atlandyrylan bu filmiň asly ysraýylly amerikan raýaty Sam Basile tarapyndan döredilendigi habar berlipdi. Maglumatda jaý söwdalary bilen meşgullanýan Sam Basileniň bu film üçin ýewreý donorlaryndan 5 million dollar pul toplandygy aýdylypdy.

Emma indi “Sam Basile” diýen bu adyň asly müsürli bir kopt-hristiany Nakoula Basseleý Nakoulanyň edebi lakamy bolmagy mümkin diýen garaýyşlar döredi. 56 ýaşly Basseleý Nakoula şu filmi döreden kompaniýanyň ýolbaşçysy hasaplanylýar.

Emma Basseleý Nakoulanyň özi bu filme özüniň režissýorlyk etmändigini we “Sam Basile” diýen adyň-da özüne degişli däldigini aýdýar.

Režissýoryň kimligi belli däl

Şeýle-de bolsa, mundan ozal birnäçe maliýe galplyklarynda aýyplanyp, jenaýat jogapkärçiligine çekilen Basseleý Nakoula öz kakasynyň (“Basseleý”) adynyň harplaryny ulanyp, birgiden lakamlardan peýdalanmak aýratynlygy bilenem tanalýar.

“Musulmanlaryň bigünäligi” atly filme konsultantlyk edendigini aýdýan Stiwen Kleýn hepdäniň çarşenbe güni “Roýter” habar agentligine beren interwýusynda filmiň režissýory hökmünde görkezilýän “Sam Basile” diýen adyň hakykatdanam edebi lakamdygyny tassyklady.

Emma, şol bir wagtyň özünde-de, Stiwen Kleýn bu edebi lakamyň Basseleý Nakoula degişlidigini tassyklamady. Ol filmiň hakyky režissýory bilen özüniň bary-ýogy iki gezek duşuşandygyny we onuň ýewreý milletinden däl-de, Ýakyn Gündogar ýurtlarynyň birindendigini aýdyp biljekdigini belledi.

Birleşen Ştatlaryň harby-deňiz güýçleriniň ozalky harbysy, häzirki wagt strahowaniýe işleri bilen meşgullanýan Stiwen Kleýniň özi-de birneme dawaly şahsyýet hasaplanylýar. Ynsan hukuklaryny goraýjy käbir guramalar ony ekstremistik hristian toparlary bilen baglanyşdyrýarlar. Stiwen Kleýniň özi bu maglumatlary ret edýär.

Hristian ruhanysy filmi goldaýar

Yslam dünýäsinde gahar-gazaba sebäp bolan bu filmi Florida ştatyndan hristian wagyz-nesihatçysy Terri Jons goldap çykyş etdi. Terri Jons şu ýylyň başynda özüniň Gurhany ýakmak çäresini gurnajakdygyny yglan etmek bilen, halkara derejesinde dawalaryň we çekeleşikleriň ýüze çykmagyna sebäp bolupdy.

Terri Jons yslam dini barada döredilen bu täze filmi şu hepde 11-nji sentýabr wakasynyň ýyl dönümine gabatlap, öz dini toparynyň agzalaryna görkezendigini aýdýar. Ol bu filme garşy arap ýurtlarynda möwç alan protestleriň “musulmanlaryň Muhammet pygamberden başga hiç bir zada çydamlylyk etmeýändigini” görkezendigini nygtady.

“Musulmanlaryň bigünäligi” atly filme konsultantlyk edenligini aýdýan Stiwen Kleýn bu filmi döretmäge gatnaşan adamlardan köpüsiniň musulman ýurtlarynda repressiýalara sezewar edilen we Birleşen Ştatlara emigrasiýa çykan adamlardygyny mälim etdi.

Ol bu adamlaryň arasynda Siriýadan, Pakistandan, Türkiýeden, Yrakdan we Müsürden gelen adamlaryň bardygyny aýdýar.

Şu hepdäniň sişenbe güni filme garşy gahar-gazap bildiren adamlaryň bir topary Liwiýanyň Bengazy şäherindäki Amerikan konsullygynyň binasyna hüjüm edip, konsullygyň dört işgärini öldürdi. Olaryň arasynda ABŞ-nyň ilçisi Kristofer Stiwens hem bar.
XS
SM
MD
LG