Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

"Täze Ýüpek ýoly" inisiatiwasy bir ýaşady, öňde synag kän


Owganystanyň Badahşan welaýatynda gurlan täze ýol. 20-nji iýun, 2012.
Owganystanyň Badahşan welaýatynda gurlan täze ýol. 20-nji iýun, 2012.
Gadymda söwda transporty bolup hyzmat eden düýeleriň we kerwenleriň ornuny demir ýol liniýalarydyr nebit turbalary tutup bilermi?

Birleşen Ştatlaryň "Täze Ýüpek ýoly" inisiatiwasy, halkara güýçleri Owganystany terk edensoň, ýurdy goldamak we sebitde durnuklylygy üpjün etmek üçin energiýa, transport, söwda we infrastruktura proýektlerini ýola goýmagy maksat edinýär.

ABŞ-nyň Döwlet sekretary Hillari Klinton geçen tomus Hindistanda eden çykyşynda ýurtlary asyrlaryň dowamynda Uzak Gündogar bilen Ýewropany birleşdirip gelen gadymy “Ýüpek ýolundan” ylham almaga çagyrdy:

"Geliň, ykdysadyýetiň we tranzit baglanyşygynyň halkara webulgamyny gurnalyň. Bu demir ýollaryň, asfalt ýollaryň we Türkmenistandan Owganystana, Pakistana hem-de onuň üsti bilen Hindistana çenli ýetirilmegi teklip edilen gazgeçiriji turba ýaly energiýa infrastrukturalarynyň gurulmalydygyny aňladýar. Bu serhetleriň çatrygynda desgalaryň kämilleşdirilmelidigini aňladýar. Şeýle hem bu, gürrüňsiz, harytlaryň we adamlaryň erkin hereket etmekleri üçin býurokratik böwetleriň we beýleki päsgelçilikleriň aradan aýrylmalydygyny aňladýar."

Regional hyzmatdaşlygyň binýady

Teoriýa boýunça bu proýektiň bähbitleri juda köp. Olardan birem, 2014-nji ýylda daşary ýurt goşunlary Owganystany terk edensoň, halkara ýardamyň azalmagy sebäpli ýüze çykjak maliýe kynçylyklarynyň öwezini dolmak üçin, ýurda zerur bolan täze söwda ýollaryny açmakdan ybaratdyr. Şeýle-de bu proýekt goňşy ýurtlary regional gatnaşyklary gaýtadan gurmak üçin aktiw hyzmatdaşlyk etmäge, ykdysady hyzmatdaşlyklaryň binýadyny döretmäge we ekstremizmiň öňüni almaga itergi berer diýen umyt bar.

Şol bir wagtyň özünde-de ABŞ, sebitde Waşingtonyň gyzyklanmasynyň azalmagy bilen, bulaşyklygyň döräp biljekdigi baradaky aladalardan habarly. Diýmek, bu proýekt, Eýran ýaly ýurtlary regiondan çetde saklamak üçin, Waşingtonyň sebit bilen gyzyklanmasynyň dowam edýändigini görkezmekde-de möhüm rol oýnap biler.

Waşington proýekt baradaky gyzyklanmanyň dowam edýändigini görkezmek üçin öz täsirinden peýdalanýarka, ony amala aşyrmak üçin maliýe serişdeleriniň Dünýä bankyndan, Aziýa Ösüş bankyndan, hususy pudakdan we beýleki gyzyklanma bildirýän döwletlerden gelmegine garaşylýar.

"Täze Ýüpek ýoly" inisiatiwasynyň yglan edilmeginden bir ýyl soň, şu aýda, oňa gatnaşýan ýurtlar bolan Owganystanyň we onuň goňşularynyň dünýädäki güýçleriň özara ýagdaýyny ýene bir gezek gözden geçirmäge mümkinçiligi bolar. Bu duşuşygyň Nýu-Ýorkda, BMG-niň Baş Assambleýasynyň ýygnaklarynyň çäginde durmuşa geçirilmegine garaşylýar.

Saklanyp galýan kynçylyklar

Geçen döwrüň dowamynda bilermenler agzalýan proýektiň çäginde regional hyzmatdaşlygy ýola goýmak boýunça käbir oňyn alamatlaryň ýüze çykandygyny aýdýarlar. Emma, şol bir wagtyň özünde, ony hakyky manyda amala aşyrmagyň öňündäki dürli kynçylyklaryň saklanyp galýandygy hem aýdylýar. Ol kynçylyklar durnuksyzlyk, korrupsiýa we özara bäsdeşlik ýaly zatlary öz içine alýar.

Jon Hopkins uniwersitetiniň "Merkezi Aziýa we Kawkaz" institutynyň başlygy S. Fredrik Star bu proýekte "ösüş bolmalysyndan haýal, emma pessimistleriň garaýşyndan çalt barýar" diýip, baha berdi.

ABŞ-nyň "Täze Ýüpek ýoly" inisiatiwasy boýunça düşünjäniň işlenip düzülmeginde esasy rol oýnan Star Klintonyň “Transowgan” gaz geçirijisini bu proýektiň esasy damarlaryndan biri diýip häsiýetlendirmeginiň dogry çaklamadygyny aýdýar.

Waşington türkmen gazyny eksport etmek boýunça şu ýylyň baharynda gelnen ylalaşygyň bu proýektiň gelejegi üçin uly ädim bolandygyny aýdýar.
XS
SM
MD
LG