Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Yslama garşy film sebäpli protestleriň artmagyna taýýarlanylýar


Pakistanda musulman protestçileri ABŞ-nyň Yslamabatdaky ilçihanasynyň öňünde demonstrasiýa geçirýär. 14-nji sentýabr, 2012 ý.
Pakistanda musulman protestçileri ABŞ-nyň Yslamabatdaky ilçihanasynyň öňünde demonstrasiýa geçirýär. 14-nji sentýabr, 2012 ý.

ABŞ musulman ýurtlardaky diplomatik wekilhanalary bu ýurtlarda üç gün bäri dowam edýän protestler dördünji güne hem geçer diýip, taýýarlyk görýär.

Protestlere sebäp bolan bir hususy kompaniýa tarapyndan surata düşürilen bir film. Onda Muhammet pygamber masgaralanýar.

Orta Gündogarda we demirgazyk Afrikada demonstrasiýalar köplenç juma namazyndan soň başlanýar.

Kairde Amerikanyň ilçihanasynyň golaýynda polisiýa bilen demonstrantlaryň arasynda täze çaknyşyklaryň ýüze çykandygy habar berildi. "Musulman doganlygy" topary halky anna güni tutuş Müsürde protest geçirmäge çagyrypdy. Polisiýa töwerege daş zyňýan protestçileri dargatmak üçin göz ýaşardyjy gaz ulandy.

Müsürde bu film bilen baglanyşykly protestlerde penşenbe güni 224 adam ýaralandy.

Prezident Barak Obama penşenbe güni Amerikanyň Kairdäki ilçihanasyny goramakda Müsür hökümetinden kömege garaşýandygny aýtdy.

Obama: "Biz häzir ilçihanamyzy, işgärlerimizi goramak ugrundaky çagyryşlarymyza jogabyň berilmegine garaşýarys. Eger olar biziň ilçihanalarymyzyň bar ýerlerinde, beýleki ýurtlardakydan tapawutlylykda, ýagny bu jogapkärçiligi öz üstlerine almaýandyklaryny görkezýän işlere ýüz ursalar, onda bu, meniň pikirimçe, hakyky bir uly problema bolar".

Indoneziýanyň paýtagty Jakartada polisiýa bidüzgünçiliklere öňünden taýýarlyk gördi, hökümet we dini ýolbaşçylar hem adamlary imisalalyga çagyrdylar. Malaýziýanyň paýtagty Kuala-Lumpurda parahatçylykly demonstrasiýada 20 töweregi protestçi ilçihananyň daşynda gygyryşyp, öz şygarlaryny ýaňlandyrdylar.

Bangladeşde, Eýranda, Yrakda, Ysraýylda, Gaza Zolagynda, Kuweýtde, Sudanda we Tunisde hem halk demonstrasiýalara çagyryldy.

Gaza Zolagynda bir palestinaly Birleşen Ştatlarda öndürilen bu pes býujetli filmi ýazgaryp şeýle diýdi: "Biz bu filmi ret edýäris, onuň araplary hem musulmanlary terroristler edip görkezmek bilen aragatnaşyklary bozmak baradaky maksadyny ret edýäris".

Müsürden ABŞ-a baran kopt hristianlar we protestant hristianlar bilen baglanyşdyrylsa-da, bu filmiň gözbaşynyň nireden gaýdýandygy belli däl.

Liwiýada we Müsürde ýüz beren gazaply protestlere belli bir derejede şu film sebäp boldy.

Bengazide geçen protestde jeňçiler ABŞ-nyň ilçihanasyna hüjüm edip, dört diplomaty, şol sanda Liwiýadaky ilçi Kristofer Stiwensi öldürdiler. 13-nji sentýabrda Sanaada geçen prostetde hem dört ýemenli öldi.

Liwiýanyň ýolbaşçysy Muhammad Magarif bilen Ýemeniň prezidenti Mansur Hadi protestleri ýazgardylar.

Orsýetiň prezidenti Putin penşenbe güni: "Günbataryň arap dünýäsinde hökümete garşy hereketleri goldamagy durnuksyzlyga getirýär" diýdi.

Putin bu ugurda öz pikirini şeýle beýan etdi: "'Ýaragly toparlar goldalanda, biz munuň soňunyň ölüme barmagy mümkin diýip howatyr edýäris. Biz bu erkinlik ugrunda göreşýänleriň ahyrky maksadyny bilemzok. Region bulagaýlyga batar diýip howatyr edýäris. Bu iş eýýäm bolup hem barýar".

Penşenbe güni giçlik çykarylan bir beýannamada Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretary Ban Ki-Moon adamlary imisalalyga çagyryp: "Bu ölümleri we hüjümleri hiç bir zat aklanok" diýdi.

Rim papasy Benedikt XVI anna güni Liwana barýar. Bu ýerde hem agzalýan filme garşy Beýrutyň daşynda demonstrasiýalaryň bolmagyna garaşylýar.
XS
SM
MD
LG