Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Hytaý-Ýaponiýa dawasy: Panetta dartgynlygy gowşatmaga çagyrýar


Hytaýyň goranmak ministri Liang Guanglie (S) ABŞ-nyň goranmak ministri Leaon Panetta Pekinde geçen metbugat konferensiýasynda, 18-nji sentýabr, 2012
Hytaýyň goranmak ministri Liang Guanglie (S) ABŞ-nyň goranmak ministri Leaon Panetta Pekinde geçen metbugat konferensiýasynda, 18-nji sentýabr, 2012
ABŞ-nyň goranmak ministri Leon Panetta Ýaponiýa bilen Hytaýyň arasynda adalar sebäpli dörän territoriýa dawasynyň dartgynlaşýan wagtynda sişenbe güni Pekine bardy.

Panetta iki ýurduň hökümetlerini “ýalňyşlyk goýbermezlik üçin” gepleşiklere çagyryş etdi.

Pekinde žurnalistleriň öňünde eden çykyşynda Panetta ABŞ-nyň “asudalyga we sabyrlylyga” çagyryş edýändigini we dawany diplomatik usulda parahatçylykly çözmek üçin iki tarapyň açyk gepleşikleri geçirmeklerini teklip edýändigini aýtdy.

Hytaýyň goranmak ministri Liang Guanglie dawaly adalar boýunça Ýaponiýa bilen açyk gepleşikleri geçirmäge Hytaýyň taýýardygyny aýtdy.

Bu adalary Ýaponiýa Senkaku, Hytaý bolsa Diaoýu diýip atlandyrýar.

Ýöne Liang Hytaýyň “mundan buýanky hereketlere hukugynyň bardygyny” duýdurdy we “Ýaponiýanyň hökümetiniň bu dawany ýerlikli çözjegine” umyt baglaýandygyny aýtdy.

Ýaponiýanyň hökümeti bir hususy eýeçilikden adalary satyn almak boýunça ylalaşyk baglaşandygyny geçen hepdede mälim etdi.

Şondan soň Hytaý şol adalaryň töweregine gözegçilik gämisini ýollady we muny “deňiz hukugy boýunça kanunçylyk missiýasyny” alyp barýandygy bilen düşündirdi.

Ýaponiýanyň kenary goraýjy ofiserleri Hytaýyň hökümetiniň 11 sany gämisiniň sişenbe güni ýene adalaryň töweregine gelendigini aýdýarlar.

Sişenbe güni Hytaýyň 100-den gowrak şäherinde Ýaponiýa garşy protest ýörüşleriniň geçirilendigi habar berilýär.

Iki sany ýaponiýaly aktiwistiň sişenbe güni dawaly adalaryň birine baryp gaýtmagy dartgynlygy has hem ýitileşdirdi.

Hytaýyň daşary işler ministrliginiň sözçüsi Hong Lei bu barada ýaýradan beýanatynda “ýaponiýaly sagçy aktiwistiň Hytaýyň territoriýasy Diaoýu adalaryna barmagyny bikanun” diýip atlandyrdy.

Hytaýdaky Ýaponiýanyň kompaniýalary protestçileriň gazap bilen birnäçe meşhur ýapon dükanlaryny, restoranlaryny we fabrikalaryny weýran edenlerinden soň işlerini togtatdylar.

Panetta bilen Liang Hytaý-ABŞ gatnaşyklaryny hem ara alyp maslahatlaşdylar.

Panetta iki ýurduň harbylarynyň has ýakyn gatnaşyklaryna çagyryş etdi.

Panetta: “Biziň maksadymyzyň Birleşen Ştatlar bilen Hytaýyň arasynda dünýäde iň möhüm ikitaraplaýyn gatnaşyklaryny döretmek bolup durýandygyny mälim edesim gelýär”.

Panetta hem Hytaýyň, hem Birleşen Ştatlaryň Ýuwaş okeandaky harby güýçdigini, şol bir wagtyň özünde bu ýurtlaryň regionda “terrorizm, ýadro ýaragynyň ýaýradylmagy, ynsanperwer ýardamy, neşe gaçakçylygy, parahatçylygy goramak bilen bagly aladalar we beýleki meseleler ýaly umumy gyzyklanmalarynyň hem bardygyny belledi.
XS
SM
MD
LG