Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Pakistanyň demirgazyk-günbatar regionynda mekdepler weýran edilýär


"Talyban topary mekdepleri nyşana alýar".
"Talyban topary mekdepleri nyşana alýar".
Pakistanyň demirgazyk-günbataryndaky durnuksyz regionda terrorçylyga garşy göreşde gazaplar möwjeýär. Şu güne çenli bu çaknyşyklardan aman galan ýekeje zat bardy -olam çagalaryň okuw mümkinçiligi. Emma soňky döwürlerde gazaplylyk bu ulgama hem aralaşdy. ”Talyban” topary, esasanam, mekdeplerde okadylýan sapaklaryň ýeterlik derejede Yslam taglymatyna gabat gelmeýändigini we gyzlaryň mekdeplere gatnaýandygyny tutaryk edinip, şol edaralary nyşana alýar.

Pakistanyň Owganystan bilen serhetleşýän demirgazyk-günbatar böleginde ýerleşen ýarym awtonom tire-taýpalar regionynda ýagdaý has hem erbet. Agzalýan regionyň dolandyryjysynyň sözçüsi Fazlullahyň aýtmagyna görä, söňky ýyllarda şol territoriýada 450-ä golaý mekdep weýran edilipdir.

“Halkara krizis” topary tarapyndan taýýarlanan hasaplamalara görä, 2008-nji ýylda tire-taýpalar regionynda jemi 4660 başlangyç mekdep bolupdyr, bu şol territoriýada ýerleşýän her 10 mekdepden 1-niň ýok edilendigini aňladýar.

Okuw binasyna zyýan ýetmedik mekdepler hem hüjüm howpy astynda bolup, ol okuwçylaryň öýde oturmaklaryna sebäp bolýar. Söweşijiler sebäpli adamlaryň öz obalaryny terk etmekleri we hökümetiň şol söweşijileri ýok etmek boýunça alyp barýan işleri problemany iki esse artdyrýar.

Netijede häzirki wagtda tire-taýpalar regionynda ýerleşýän käbir ýerlerde okuwçylaryň okamak üçin jaýlary ýok. Şunlukda sowatlylygyň derejesiniň pese gaçmagyndan, ýerli ýaşlaryň bolsa bu dartgynlylykdan özüni halas edip bilmän, söweşijileriň hataryna goşulmagyndan howatyr edilýär.

Momand etrabynyň bäşinji synp okuwçysy Asifullah, mekdebe gidip bilmändikleri üçin dostlary bilen aýlanyşyp, diňe öz wagtlaryny geçirýändigini aýdýar.

Tire-taýpalar regionynyň Haýber etrabyndaky Baran obasynyň ýaşaýjysy Azizur Rahmanyň aýtmagyna görä, mekdepleri ýumrulan çagalar häzirki wagtda towuk ogurlap, olary hem bazarlarda satmak bilen meşgullanýarlar.

Bajaur etrabynyň Çarmang territoriýasynda şu ýylyň ýaz paslynda mekdebi ýumrulan üçünji synp okuwçysy Halid özüniň we synpdaşlarynyň daşarda okamaga mejbur bolýandyklaryny aýtdy.

Magaryf boýunça resmiler howpsuzlyk çäreleriniň artdyryljakdygyny söz berip, mekdepleriň gaýtadan dikeldiljekdigini aýdýarlar. Ýöne şol tagallalar entek diňe söz bolup galýar.

Diňe sentýabr aýynyň ilkinji ýarymynda tire-taýpalar regionynda ýerleşýän azyndan üç mekdebe hüjüm edildi, hüjüm edilende olardan biriniň gurluşygy dowam edýärdi.

"Biz tire-taýpalar regionynda anyk näçe mekdebiň entegem abat saklanyp galandygyny aýdyp bilmeris" diýip, agzalýan regionyň dolandyryjysynyň sözçüsi Fazlullah aýtdy.

Emma ol şol regionda ýerleşýän dürli etraplarda ýumrulan mekdepleriň sanyny welin ýatdan bilýär. Onuň aýtmagyna görä, Bajaur etrabynda 68 sany oglan we 26 sany gyz mekdebi, Mohmand etrabynda 66 sany oglan we 23 sany gyz mekdebi, Haýber etrabynda 31 sany oglan we 27 sany gyz mekdebi weýran edilipdir.

Problemany çözmek üçin dolandyryjylaryň näme edýändigini soranymyzda, tire-taýpalar regionynyň sözçüsi 77 sany mekdebiň hökümetiň ýyllyk ösüş programmasy tarapyndan goýberilen maliýe serişdesiniň we daşary ýurt donorlarynyň berýän kömekleri bilen täzeden dikeldilendigini aýdýar.

Ol Azatlyk Radiosyna beren gürrüňinde başga-da 25 sany mekdebiň geljek ýylyň býujetiniň hasabyna bejerilmeginiň planlaşdyrylýandygyny we goşmaça maliýe kömekleriň merkezi hökümetden ýa-da daşary ýurtly donorlardan gözlenilýändigini aýtdy.
XS
SM
MD
LG