Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Lahdar Brahimi: Siriýadaky ýagdaý ýaramazlaşýar


BMG-niň we Arap Ligasynyň Siriýa boýunça ýörite wekili L.Brahimi, bosgunlaryň Zaatari lageri, 18-nji sentýabr, 2012.
BMG-niň we Arap Ligasynyň Siriýa boýunça ýörite wekili L.Brahimi, bosgunlaryň Zaatari lageri, 18-nji sentýabr, 2012.
Birleşen Milletler Guramasynyň we Arap Ligasynyň Siriýa boýunça ýörite wekili Lahdar Brahimi Siriýadaky krizisiň ýaramazlaşýanlygyny we uly regiony durnuksyzlaşdyrmak howpuny döredýänligini belledi.

Brahimi şeýle konfliktiň diňe bir ýurt bilen çäklenlmän, ýurduň daşyna ýaýraýanlygyny belledi we ýüzlerçe müň bosgunyň goňşy ýurtlary durnuksyzlasdyrýanlygyny aýtdy.

Brahimi konflikte goşulan ähli taraplary bilelikde işleşmäge we krizisden çykalga tapmaga ýene bir gezek ündedi. Brahimi “bu konfliktde hiç bir tarap üstün çykmaz” diýip pikir edýänligini aýtdy.

Brahiminiň bu çykyşy onuň, Iordaniýa geçip, Mafrakdaky Zaatari lagerinde ýerleşýän bosgunlaryň ýanyna baryp gelmeginiň yz ýany ”Al Jazeera” telekanalynda görkezildi. Brahiminiň awtokolonnasy 32 müň siriýaly bosgunyň ýerleşýän lagerinden gaýdanda bosgunlaryň bir topary onuň maşynyny daşladylar.

BMG-niň maglumatlaryna görä, Siriýada dowam edýän konflikt 250 müň adamy goňşy ýurtlara gitmäge mejbur etdi.

Brahimi bosgunlaryň lagerine eden saparynyň öň ýanynda Arap Ligasynyň baştutany Nabil Elarabi bilen onuň Kairdäki öýünde duşuşdy. Şeýle-de Brahimi 15-nji sentýabrda Siriýanyň prezidenti Başar al-Assad bilen duşuşdy. Bu Brahiminiň Kofi Annanyň deregine BMG-niň we Arap Ligasynyň ýörite wekili wezipesine geçeli bäri, onuň Siriýanyň prezidenti bilen ilkinji duşuşygy boldy.

Siriýanyň içinde 18-nji sentýabrda ýurduň Türkiýe bilen serhedinde gozgalaňçylaryň hökümet güýçlerine zarba urandyklary habar berildi. Türkiýäniň resmisiniň aýtmagyna görä, Akjagala şäherinde birnäçe jaýlara ok degipdir we Türkiýe tarapyndan azyndan bir adam ýaralanypdyr.

Gozgalaňçylar Siriýanyň Türkiýe bilen serhedinden ýene iki sapar geçipdirler.

Şol bir wagtyň özünde-de “Amnesty International” guramasy Siriýanyň hökümet goşunlaryny raýatlara garşy “rehimsiz” we ar alyjylykly hereketlerde aýyplady we heläk bolanlaryň arasynda köp çagalaryň hem bardygyny aýtdy.
XS
SM
MD
LG