Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Tarik Aly: Monstry olaryň özleri döretdi


Asly pakistanly, Britaniýada iş alyp barýan belli taryhçy, ýazyjy we žurnalist Tarik Aly. London, iýul, 2012.
Asly pakistanly, Britaniýada iş alyp barýan belli taryhçy, ýazyjy we žurnalist Tarik Aly. London, iýul, 2012.
ABŞ-da döredilen “Musulmanlaryň bigünäligi” atly filme yslam ýurtlarynda bildirilýän protestler dowam edýär. Azatlyk Radiosy şu wakalar barada öz pikirini aýtmagyny sorap, asly pakistanly, Britaniýada iş alyp barýan belli taryhçy, ýazyjy we žurnalist Tarik Aly bilen söhbetdeşlik geçirdi.

Azatlyk Radiosy: Jenap, Tarik Aly, “Musulmanlaryň bigünäligi” atly film, siziň pikiriňizçe, näme üçin musulman ýurtlarynda şeýle zorlukly protest çykyşlaryny döretdi?

Tarik Aly: Siz häzirki karikaturalaryň we filmleriň näme sebäbe edil şu wagt döredilendiklerini soramalydyňyz. Eýsem, näme sebäbe beýle zatlar geçen asyryň aglaba döwründe döredilmändi? Bu filmleriň döredilmeginiň sebäbi musulman dünýäsiniň Birleşen Ştatlar we onuň ýaranlary tarapyndan okkupirlenmegi bilen gönüden-göni baglanyşykly. Şol okkupasiýalar çakdanaşa uly yslamofobiýa atmosferasyny döretdi.

Käte şeýle bir liberallar bolýar, ýagny sagçy we aşa sagçy liberallar. Olar prowakasiýa etmekligi gowy zat diýip hasaplaýarlar. Olaryň şeýle hereket etmekleri şonuň bilen baglanyşykly. Munuň söz azatlygy bilen hiç hili dahyly ýok. Musulmanlaryň muňa bolan reaksiýasynyň sebäbem hut şol adamlaryň hereketleriniň sebäbi ýaly sebäp.

Musulmanlar özlerini okkupirlenen hasaplaýarlar, olar muňa gahar edýärler, şeýlelikde arap dünýäsini bulagaýçylyklar gurşap alan. Olar muňa şeýle ýol bilen reaksiýa bildirýärler. Siz muny dünýäniň syýasatyndan uzňeleşdirip bilmersiňiz.

Azatlyk Radiosy: Ýöne Muhammet pygamberiň suratlandyrylyşyny yslama garşy gelýän zat hökmünde kabul etmek ýaly umumy garaýyşlar-da bar. Bu mesele barada näme aýdyp bolar?

Tarik Aly: Muhammet pygamberiň şahsyýetini sorag astynda goýmaklyga çydamsyzlyk edilýär. Pygamberi butlaşdyrmak ýaly bir ýagdaý bar, bu ýagdaý hakykatynda yslam dininiň ruhuna garşy gelýär, yslam dini butparazlyga doly garşy.

Şeýlelikde, pygambere garşy edilýän hüjümleri öz medeniýetlerine garşy edilýän hüjüm hökmünde kabul edýärler. Olar özlerine prowakasiýa edilýändigini bilýärler we olar prowakasiýa-da düşýärler.

Men geçmişde şeýle ýagdaýy togtatmaklygyň iň netijeli usulynyň muny piňiňe almazlykdygyny ýazypdym. Ýöne häzir dünýä juda yrga ýagdaýa düşdi.

Azatlyk Radiosy: Siz musulman dünýäsinde Günbatara we, hususan-da, Birleşen Ştatlara garşy bar bolan nägilelikleriň şeýle gazaply demonstrasiýalara sebäp bolýandygyny aýdýarsyňyz. Onda ol nägilelikleriň sebäbi nämede?

Tarik Aly: Hiç bir şübhesiz ýagdaýda Günbatara garşy bar bolan ýerli nägilelikler bu protestlerde uly rol oýnaýar. Din syýasylaşdyryldy. Onuňam sebäbi, elbetde, Sowuk Urşy ýyllarynda Birleşen Ştatlar tutuş dünýä boýunça, aýratynam, musulman dünýäsinde kommunizme garşy göreşmek maksady bilen bu ekstremistik yslamçy toparlaryň köpüsine goldaw berdi.

Wahhabist wagyz-nesihatçylar Amerikanyň razylygy bilen Saud Arabystany tarapyndan şu günki bize belli bolan syýasy yslam toparlaryny döretmeklik üçin ugradylypdylar. Olar şol işi amala aşyrdylar, indem olar şonuň netijesini görýärler. Bu monstry olaryň özleri döretdi.
XS
SM
MD
LG