Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Täze uniwersitet kadrlar meselesine çözgüt berermi?


Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň binasy. Aşgabat, 2011.
Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň binasy. Aşgabat, 2011.
Prezident G. Berdimuhamedowyň 14-nji sentýabrda geçiren hökümet maslahatynda Aşgabatda dünýäniň iň ýokary magaryf standartlaryndaky täze, iňlis dilli uniwersiteti döretmek pikirini öňe sürdi. Bu bolsa, hem ýurt içinde, hem ýurt daşynda dürli pikirleri döretdi.

Synçylaryň köpüsiniň pikirine görä, Türkmenistandaky çylşyrymly meseleleriň bir topary ýurduň magaryf sistemasynda emele gelen ýagdaý bilen bagly.

Prezidentiň teklibine laýyklykda, täze uniwersitetde sapaklar diňe iňlis dilinde berlip, dürli ugurlar boýunça iň ýokary taýýarlykly kadrlar ýetişdirilmeli. Ýene bir täzelik, täze uniwersitet tölegli bolar we onda bakalawr, magistr derejelerindäki hünärmenleri ýetişdirmek planlaşdyrylýar.

Optimistler bu uniwersitetiň ýurduň magaryf sistemasy we kadrlar meselesi üçin öwrülişik pursaty bolup biljegini aýdýarlar, emma pessimistler oňa biraz şübheli seredýärler.

Azatlyk Radiosy bu täze tutum barada pikir alyşmak üçin Orsýetden pedagogiki ylymlaryň kandidaty Serdar Ataýewi, Çehiýa Respublikasyndan žurnalist Näz Nazary, şeýle-de Azatlyk Radiosyndan öňki magaryf işgäri Jahan Döwletowany “Tegelek stol” söhbetdeşligine çagyrdy.

Şu mesele boýunça geçirilen “Tegelek Stol” gepleşigini diňlemek üçin, şu ýere basyň:
please wait

No media source currently available

0:00 0:24:00 0:00
Ýükle
XS
SM
MD
LG