Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Kosmiki “goňşularyň” gözleginde


Beýleki planetalaryň siwilizasiýalary bilen ýola goýlan aragatnaşyk heniz ýok. Ýöne alymlar muny biri-birinden bütinleý tapawutly ülňüler bilen düşündirýärler.
Beýleki planetalaryň siwilizasiýalary bilen ýola goýlan aragatnaşyk heniz ýok. Ýöne alymlar muny biri-birinden bütinleý tapawutly ülňüler bilen düşündirýärler.
Älemde biziňkiden başga-da dünýäler barmyka ýa biz ýekemikäk? Şu uç-gyraksyz kosmosda milliardlarça planeta sistemalarynyň arasynda biziňkä çalymdaş ýa-da tehniki we ruhy ýagdaýy biziňkiden has ýokary siwilizasiýany ösdürip ýetişdiren hähilidir-bir planeta barmyka?

Onlarça ýyl bäri alymlar şu soraglar barada pikir ýöredýärler, çekeleşýärler, jedelleşýärler. Ýöne, köplenç, biri-birinden bütinleý tapawutly netijelere gelinýär.

Başga planetalylar diýlende, köplenç, ýokary derejede ösen siwilizasiýalar, tehnologiýa taýdan bizden has öňde barýan akylly, zehinli adamlar göz öňüne getirilýär. Olar, ylmy-fantastik romanlarda bolşy ýaly, antimateriýany ýangyç edinýän kosmos gämileri bilen ýagtylygyň tizlik çägini böwsüp, dürli galaktikalaryň arasynda uçuşyp-gonuşyp ýören jandarlar hökmünde göz öňüne getirilýär.

Olar howply bolup bilermi?

Kembrij uniwersitetiniň öňki matematika professory, britaniýaly teoretiki fizik we astrofizik Stefen Hawking başga planetalylaryň bardygyna şek-şübhe edenok. Ol muny-da matematiki ähtimallyk bilen delillendirýär. Hawking kosmosda milliardlaça galaktikanyň we ondan hem köp ýyldyzlaryň bardygyna esaslanyp, ýaşaýşyň diňe Ýerde bolmagy ýeke-täk bolmaly ýagdaý däl diýen netijä gelýär. Ol: “Matematiki taýdan garanyňda, başga planetalylar barada oýlanmaklygyň logika doly laýykdygyny sanlaryň bir özi-de görkezýar” diýýär.

Andromeda galaktikasynyň biziň Ýer planetamyzdan görnüşi.
Andromeda galaktikasynyň biziň Ýer planetamyzdan görnüşi.
Ýöne astrofizik Stefen Howking bize keseki planetalylar bilen duşuşmagy ündänok. Bu biziň üçin belli bir derejede howply bolup hem biler. Stefen Howkingiň pikiriçe, başga planetalylar gelseler, ýagşy niýet bilen gelmezler, biziň resurslarymyzy talarlar, baýlyklarymyzy alyp giderler. Olaryň bu ýere gelmegi edil Hristofor Kolumbyň Amerika barşy ýaly bolar. Bilşimiz ýaly, Kolumbyň ol ýere barmagy ýerli amerikalylar üçin gowulyk getirmändi.

Emma käbir alymlar bu pikire goşulanoklar. Olar ençeme kynçylygy ýeňip, Älemiň bir uzak çetinden bu ýere gelmäge tehniki taýdan başarnygy bolan adamlar resurs meselesini bireýýäm çözen derejede bolmaly. Olar biziň resurslarymyza mätäç däldir diýen garaýyşlar bar.

Aňyň dürli derejelerine garaşylýar

Germaniýanyň Heidelberg uniwesitetiniň astrofizika professory Piter Ulmşneýder biziň galaktikamyz bolan Akmaýanyň Ýolunyň bir özünde iki million töweregi aňly-düşünjeli siwilizasiýa bardyr diýen garaýyşdan ugur alýar.

Piter Ulmşneýderiň hasaplamagyna görä, şular ýaly bir siwilizasiýa ortaça hasap bilen on million ýyllap dowam edip, köpüsi eýýäm ýok bolup giden hem bolsa, olardan, iň bolmanda, ýene 4 müňi galan bolmaly. Olaryň biz bilen aragatnaşyk açmagy mümkin.

Dogrudan hem Akmaýanyň Ýolunda aňly-düşünjeli siwilizasiýalar bar bolsa, onda olaryň biziňki ýaly diňe on müňlerçe däl, eýsem ýüz müňlerçe, belki-de millionlarça ýyllyk ösüşi başdan geçiren bolmagy mümkin, şol derejede-de olaryň tehnologiýalary bolmaly. Bu derejedäki tehnologiýaly jemgyýetler üçin hem kosmosda bizi tapyp, biziň bilen arabaglanyşyk gurmak kyn iş bolup bilmez.

NASA-nyň 2009-njy ýylda uçuran “Kepler” kosmos teleskopynyň kompýuter modeli.
NASA-nyň 2009-njy ýylda uçuran “Kepler” kosmos teleskopynyň kompýuter modeli.
Ýöne, şeýle-de bolsa, ýola goýlan arabaglanyşyk welin entek ýok. Alymlar muny hem biri-birinden bütinleý tapawutly ülňüler bilen düşündirýärler. Germaniýaly ylmy žurnalist we biolog Rüdiger Waasyň pikiriçe Älemiň tehniki siwilizasiýalardan doly bolmagy mümkin, ýöne olar haýsy hem bolsa bir sebäbe görä, öz dünýälerini terk etmäge mümkinçilik tapan däldirler. Belki ýaşaýyş döwürleri gysga bolandyr. Şol sebäpden olar ösüp, öz dünýälerinden daşary çykarlyk derejä ýeten däldirler.

Käbir alymlaryň, şol sanda amerikaly paleontolog Piter Ward şeýle hem Münheniň tehniki uniwersitetiniň professory Ulrih Walteriň pikiriçe bolsa, biziň kosmiki goňşularymyzdan şu wagta çenli habar düşmändiginiň sebäbi belli: mikrobik derejedäki ýaşaýyş bolaýmasa, biziň töwergimizde başga zat ýok. Olar Akmaýanyň Ýolunda diňe biz bar diýip hasaplaýarlar.

Ýöne, muňa garamazdan, bu alymlaryň ikisi-de beýleki planetalardaky aňly-düşünjeli siwilizasiýalar bilen arabaglanyşyk gurmaga synanyşmagy nädogry hasaplanoklar.

Ýerdäkiler üçin kyn taraplary

Eger, dogrudan-da, Ýerden daşarda siwilizasiýalar bar bolsa, onda olary nädip tapyp ýa olar bilen nädip habarlaşyp bolar? Bir kosmos gämisini ýa bir zondy iberjek bolsaň, aranyň aşa uzakdygy sebäpli gaty köp wagt hem energiýa gerek. Mysal uçin, Gün sistemasyna iň ýakyn ýyldyz Proksima Sentawra bizden 4.3 ýagtylyk ýyly aralykda, ýagny 41 trillion kilometr uzaklykda ýerleşýär.

Häzirki tehnologiýa bilen enjamlaşdyrylan kosmos gämisi ol ýere ýetjek bolsa, oňa 40 müň ýyl gerek. Çaltrak hereket edilmeli bolsa, onuň energiýa harajaty has öňe giden siwilizasiýalara-da agyr düşer. Galyberse-de, gözlegiň nirede geçmelidiginiň anyk däldigi üçin, has köpräk gämi ýollamaly bolar, bu hem harajaty şonça artdyrar.

Köp alymlaryň pikiriçe, häzirki ýagdaýda iň gowy çözgüt radio meýdanynda elektromagnit tolkunlaryndan peýdalanmak. Mundan maksat başga bir siwilizasiýadan ýörite bize gönükdirilýän signallary tutup almak.

Ýerden daşarda siwilizasiýalaryň bardygyny ylmy taýdan subut etmäge synanyşýan SETI (Search for Extraterrestrial Intelligence) proýektlerinde hem beyleki dünýälerden goýberilmegi mümkin radio signallary diňlemek üçin radio teleskoplardan peýdalanylýar.

SETI barlaglarynda Älemde Ýerden daşarky medeniýetler bar, olar hem Ýerdäkä meňzeş kommunikasiýa sistemalaryny, habar tehnologiýalaryny ulanýarlar diýen pikirden ugur alynýar.

Birleşen Ştatlaryň Aeronawtika we kosmiki giňişligi derňemek boýunça milli gullugy NASA bolsa beýleki dünýälere gezek gelende uly soraglara ýapyşman, seresaply hereket edýär.

NASA “Kepler” kosmos teleskopyny 2009-njy ýylyň martynda ýaşaýyş üçin amatly planetalary tapmaklygyň gözlegine çykardy. “Kepler” teleskopy hem üstümizdäki ýylyň fewral aýyna çenli bu ugurda jemi 2,321 sany “kandidat-planetanyň” sanawyny berdi. Ýöne bu kandidatlaryň arasynda biologik ýaşaýyş üçin doly ýaramly diýlip tassyklanan planeta entek ýok.

Araz Perwiş Germaniýada ýaşaýan žurnalist, syýasy ylymlaryň doktory.

ÇEŞMELER:

1. http://www.welt.de/welt_print/vermischtes/article7337294/Stephen-Hawking-warnt-vor- Kontakt-mit-Ausserirdischen.html
2. http://www.n24.de/news/newsitem_6019329.html
3. http://www.focus.de/wissen/weltraum/tid-16879/astronomie-ausserirdische-intelligenz-in- der-milchstrasse_aid_470999.html
4. http://www.seti.org/
5. http://www.nasa.gov/home/index.html
XS
SM
MD
LG