Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Özbegistanda we Gyrgyzystanda maýda mal gyrgyna uçrady


Özbegistanyň häkimiýetleri ýurduň Kaşkadarýa, Samarkand we Jizak regionlarynda goýunlaryň gyrgyny bilen bagly wakalary derňeýärler.

Özbegistanly maldarlaryň we häkimiýetleriň aýtmaklaryna görä, soňky günlerde müňlerçe goýun mamadan sanjym waksinasy edilensoň ölüpdir. Bu waksinanyň zaýalanandygy çak edilýär.

Şol bir wagtda-da goňşy Gyrgyzystanyň Jelalabat welaýatynda 1 700 goýunyň sanjymdan soň gyrylmagy bilen bagly wakalar derňelýär. Häkimiýetler gyrgynyň ýaýramagynyň öňüni almak üçin welaýatyň Suzak we Aksu etraplaryny ýapdylar.

Gyrgyzystanda geçirilen derňewleriň ilkinji netijelerinde, zaýalanan waksina sanjymlaryň Özbegistandan getirilip, ýerli mal doktory tarapyndan ýaýradylanlygy aýdyldy.
XS
SM
MD
LG