Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ýazmyrat: "Okuw bilen çäreleri utgaşdyrmak kyn düşdi"


Türkmenistandaky geçirilýän çäreleriň birinden pursat
Türkmenistandaky geçirilýän çäreleriň birinden pursat
Garaşsyzlyk döwründe çäreler türkmenistanly ýaşlaryň, esasanam, orta mekdep we ýokary okuw jaýlarynyň talyplarynyň gündelik durmuşynyň esasy bölegine öwrüldi. Resmi gazetlerde çap edilýän maglumatlardan çen tutulsa, ýurtda her gün azyndan bir çäre geçirilýär.

Täze gurlan binalaryň açylyş dabaralary, dürli baýramçylyklar, prezidentiň edýän saparlary, garaz, şular ýaly çäreleriň ählisine ýüzläp ýaşlar gatnaşdyrylýar. Garaşsyzlyk gününiň ýetip gelmegi bilen şeýle çäreleriň hasam artmagyna garaşylýar, oňa taýýarlyk işleriniň eýýäm başlanandygy aýdylýar.

Öz wagtynda şeýle çärelere gatnaşanlardan biri hem Ýazmyrat. Ol şol çäreleriň çäginde prezident Nyýazow bilen hem duşuşypdyr, eýsem Ýazmyrat bu barada näme pikirde we ol öz çäreçi döwürlerini nähili ýatlaýar? Bu meseleler bilen gyzyklanyp, Azatlyk Radiosy Ýazmyrat bilen söhbetdeş boldy.

Azatlyk Radiosy: Ýazmyrat, Türkmenistanda her gün diýen ýaly geçirilýän çärelere mekdep okuwçylarynyň gatnaşdyrylmagy barada siz nähili pikirde?

Ýazmyrat: Meniň pikir edişime görä, okuwçylaryň çärelere gatnaşdyrylmagynyň oňat hem erbet taraplary bar. Oňat taraplaryndan men, meselem, Nyýazowyň öňünde iki gezek çykyş etdim. Mekdepde okaýarkam, menden ”çärä gatnaşjakmy?” diýip soradylar, menem ”hawa gatnaşjak” diýdim.

Çärede meniň göwnüme ýaran iň esasy zat – men ol ýerde diňe tans etmegi öwrenmän eýsem, Türkmenistanyň taryhy ýa-da öňki adamlaryň geýen egin-başlaryny geýip, Nyýazowyň öňünde çykyş etdim.

Ýöne, meniň pikirimçe, şol çäräniň ýaramaz tarapy, birinjiden, Türkmenistanda okuw wagty yzagalaklyk bolýar, ikinjiden şol çärä gatnaşýan çagalara ýa-da okuwçylara hiç hili iýgi-içgi ýa-da şol tansa gatnaşany üçin hiç hili gutlag ýa serpaý berenoklar. Olam nämä alyp barýar? Şol çärelere gowy gatnaşýan adamlary, islegi bolsa bolmasa, ýene-de çärä gatnaşmaga çagyrýarlar. Şonuň üçin bu Türkmenistanda çärelere gatnaşýanlar üçin oňat zat dälmikä diýip pikir edýärin.

Azatlyk Radiosy: Hawa, siz çärelere gatnaşmajak bolup synanyşdyňyzmy, synanyşan bolsaňyz, bu nähili netije bilen tamamlandy?

Ýazmyrat: Çärä gatnaşmazlyga isleg bildirenler, esasanam, mekdepde kynçylyk çekýärler. Näme üçin? Türkmenistanda mekdeplerde mugallymlar, direktorlar ene-atalar hökmünde görleni üçin olar okuwçylara ýok diýmäge mümkinçilik berenoklar.

Azatlyk Radiosy: Okuwyňyzy çärelerden daşda dowam etdirmek nähili duýgy?

Ýazmyrat: Meniň pikirimçe, bir ýerde çykyş etmek her bir çaga üçin gowy mümkinçilik, Türkmenistanda ýa-da başga ýerde çykyş etmek, ýa-da adamlaryň öňünde tans etmek, ýa-da geplemek, meniň pikirimçe, her kimiň arzuwy. Meniň ýadyma düşýän gowy zat şu.

Emma ýadyma düşýän erbet zatlaram, tä Nyýazow gelip-gidýänçe hemmämiziň garnymyzyň açlygy. Meniň ýaşaýşyma we görşüme görä, okuw bilen çäräni bilelikde alyp barmak oňat zat däl. Meniň şu wagt daşary ýurtda görşüme görä, çärä gatnaşýan adamlar ony öz käri hökmünde edýärler, ikinjidenem, şol çäreler okuwda hiç hili yzagalaklyga getirenok. Ondan başga-da çäräni gurnaýan tarap çärä gatnaşýan adamlara serpaý bermegi, iýmek-içmegi ýola goýýar. Türkmenistanda adamlar, gynansagam, şol çärelere mugt hem-de okuwda yza galyp, gatnaşmaly bolýarlar.

Azatlyk Radiosy: Ýazmyrat, çärelere gatnaşmaklyk siziň maşgalaňyzyň býujetine nähili täsir ýetirdi?

Ýazmyrat: Bu meniň maşgalama hiç hili zyýan ýa-da peýda getirmedi. Näme üçin diýseňiz, çärelere ýörite awtobuslar bilen alyp gidip, getirýärler. Şonuň üçin hiç hili çykdajy bolmady.
XS
SM
MD
LG