Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ABŞ: Musulman dini baradaky filmiň režissýory tussag edildi


“Musulmanlaryň bigünäligi” atly filmiň režissýory diýlip hasaplanylýan Nakola Bassleý Nakola penşenbe güni Birleşen Ştatlarda tussag astyna alyndy.

Onuň döreden bu filmi soňky günler musulman ýurtlarynda uly protest çykyşlaryna sebäp boldy.

Birleşen Ştatlaryň prokuraturasy asly gelip çykyşy müsürli Nakola Bassleý Nakolany öz şertli tussaglygynyň düzgünlerini bozanlykda aýyplaýar.

Nakola Bassleý Nakola mundan ozal maliýe galplyklarynda aýyplanyp, tussag edilipdi we 2011-nji ýylda şertli tussaglyk düzgünleri esasynda azatlyga goýberlipdi.

ABŞ-nyň sudy oňa häzirki şertli tussaglyk möhleti tamamlanýança internetden peýdalanmaklygy we lakam ulanmaklygy gadagan edipdi. Şu düzgünleri bozandygy bilen baglanyşykly oňa bildirilýän aýyplamalar boýunça häzirki wagt derňew işleri alnyp barylýar.
XS
SM
MD
LG