Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Aşgabatda neşä garşy iki günlük regional seminar geçirilýär


Penşenbe güni Türkmenistanyň paýtagty Aşgabatda bikanun neşe gaçakçylygyna garşy göreş çärelerini koordinirlemek meselesi boýunça regional seminar öz işine başlady.

Iki gün dowam etjek bu seminara Türkmenistanyň resmileri bilen birlikde, Owganystanyň, Eýranyň, Pakistanyň, Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň, Gazagystanyň, Orsýetiň, Türkiýäniň, Birleşen Ştatlaryň we Birleşen Milletler Guramasynyň wekilleri gatnaşýarlar.

Bu seminarda, esasan, neşä garşy göreş boýunça kadrlary taýýarlamaklygyň metodlaryny kämilleşdirmek, döwlet derejelerinde standartlaşdyrylan okuw programmalaryny işläp düzmek, täze informasiýa tehnologiýasy arkaly bu ugurdaky okuw programmalaryny koordinirlemek ýaly meseleleriň ara alnyp maslahatlaşylýandygy habar berilýär.
XS
SM
MD
LG