Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Taryhy film kolleksiýasy Orsýete gaýtarylyp berilýär


Ilkinji ors çeper filmi bolan "Stenka Razin" (aşakda) 1908-nji ýylda düşürildi.
Ilkinji ors çeper filmi bolan "Stenka Razin" (aşakda) 1908-nji ýylda düşürildi.
Orsýetli kino muşdaklary munuň gudratdan kem ýeriniň ýokdugyny aýdýarlar.

Sowet döwründen öň düşürilen filmleriň giň göwrümli kolleksiýasy bir asyrdan soň Orsýete gaýtarylyp berilýär.

Rus imperiýasy döwründe düşürilen 350 sany sessiz film şu aýyň başynda bir amerikaly biznesmen tarapyndan Sankt-Peterburgda ýerleşýän "Lenfilm" studiýasyna resmi taýdan bagş edilipdi. Olaryň şu ýylyň ahyryna çenli "Lenfilme" gowşurylmagyna garaşylýar.

"Bu bir sensasiýadyr, bu ýagdaý tutuş kinematografiýa taryhymyzy janlandyrýar" diýip, Moskwanyň kino muzeýiniň müdiri, kino taryhçysy Naum Kleýman aýdýar. "Bu örän möhüm waka – rewolýusiýadan öň düşürilen 300 film, bu tutuş materigi täzeden açan ýalydyr".

Floridada ýerleşýän kino tehnologiýasy boýunça "Magna-Tech Electronic" firmasynyň prezidenti Stiwen Krams bu kolleksiýanyň aslynda orsýetli immigrant Samuel Kipnise degişli bolandygyny aýdýar.

Film kolleksioneri Kipnis 1917-nji ýylyň Bolşewik rewolýusiýasyndan soňky graždan urşy döwründe Orsýetden gaçyp gaýdyp, Maýamide ornaşýar. Ol şol ýerdäki ýerli teatrda agzalýan filmleri aram-aram orsýetli immigrantlara görkezýär.

Kipnis 1982-nji ýylda aradan çykýar, kinolar bolsa Florida uniwersitetiniň filmhanasyna geçirilýär.

Krams ýokary derejede ýanyjy lentalara ýazylan bu filmlere uniwersitet ot alandan soň eýe çykandygyny aýdýar.

"Ol ýerde ýangyn boldy, filmleri saklamak howply diýlip hasaplandy, olar ýok ediljekdi" diýip, Krams aýdýar. "Şonuň üçin men olara eýe çykdym, bu 1988-nji ýyllarda bolupdy".

Krams şondan soň filmleri ilki başda Maýamidäki, soňra bolsa Atlantadaky ammarda gorap saklaýar.

Krams ýakynda Orsýete eden sapary netijesinde olary "Lenfilme" bagş etmäge razy bolýar.

"Men konferensiýa gatnaşdym we "Lenfilm" studiosyna aýlanyp gördüm – oňa haýran galdym, bu ýer olar üçin iň jaý ýer bolmagy mümkin diýip oýlandym" diýip, Krams aýdýar. "Men nähilidir bir goşant goşup bilýändigime begenýärin, bu olaryň göwünlerinden turar, munuň nähilidir bir peýdasy deger diýip, umyt edýärin".

Kramsyň sowgady Orsýetde halanýar diýmek bärden gaýtmak bolar.

Russiýa imperiýasy döwründe düşürilen kinolaryň 70-80 prosenti ýitip gitdi ýa-da Sowet häkimiýetleri tarapyndan buržua sungaty hökmünde ýok edildi. Agzalýan kolleksiýa bolsa hazyna bolup biler.

"350 film şol döwürleriň örän giň kolleksiýasyny emele getirýär" diýip, "Lenfilmiň" önümçilik bölümine gözegçilik edýän Andreý Sigl aýdýar. "Ol wagtlar kino önümçiligi juda çäklidi. Şonuň üçin bu biziň kino taryhymyzdaky möhüm döwürdir".

Orsýetde ilkinji sessiz filmler 19-njy asyryň ahyrynda köplenç festiwallarda, kireýne tutulan auditorilarda ýa-da drama teatrlarda görkezildi.

Orsýetde ilkinji kinoteatr 1896-njy ýylda açyldy.

Ilki başda bazaryň aglaba bölegini Amerikanyň we Ýewropanyň filmleri eýeleýärdi, emma rus kino sungaty çaltlyk bilen ösüp başlady.

Ilkinji ors çeper filmi bolan 10 minutlyk "Stenka Razin" (aşakda) 1908-nji ýylda düşürildi.



Emma "Lenfilm" Kramsyň bagş edýän filmlerini ýeke özi dikeldip bilmese gerek.

Orsýetiň iň uly ikinji kino studiosy hökmündäki at-abraýyna garamazdan, soňky ýyllarda ol bergä girdi, häzir bolsa bataýmagyň bäri ýanyna dur.

"Lenfilm" üstünden bir asyr geçen kolleksiýany halk köpçüligine elýeterli etmek üçin Orsýetiň döwlet film arhiwi bolan "Gosfilmofonddan" kömek sorandygyny aýdýar.
XS
SM
MD
LG