Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Azerbaýjanda hijabyň tarapdarlarynyň ýörişi basylyp ýatyryldy


Anna güni Bakuda dindarlar bilen polisiýanyň arasynda çaknyşyk ýüz berdi.

Bilim ministrliginiň binasynyň öňüne ýygnanan ýüzden gowrak protestçi mekdeplerde hijab geýmeklige gadaganlyga garşy pikete çykdylar.

Piketçiler “Hijaba erkinlik!”, “Yslam ýeňer!” diýen ýaly şygarlar bilen köçä çykdylar.

Onlarça polisiýa işgäri piketçileri ýençmek üçin demir taýaklaryny ulandylar.

Azerbaýjanda iki ýyl mundan ozal mekdeplerde hijab geýmeklige gadaganlyk girizilipdi.
XS
SM
MD
LG