Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Owganystan: Krizis topary töwekgelçiligi duýdurýar


Owgan prezidenti Hamid Karzaý metbugat ýygnagynda çykyp gepleýär. Kabul, 4-nji oktýabr, 2012.
Owgan prezidenti Hamid Karzaý metbugat ýygnagynda çykyp gepleýär. Kabul, 4-nji oktýabr, 2012.
Täze hasabatda Owganystanyň weýrançylykly syýasy krizise düşmek ähtimallygy barada duýduryş berilýär. Bu alada NATO-nyň söweş goşunlarynyň 2014-nji ýylda ýurtdan çykarylmagyna we owgan hökümetiniň howpsuzlyk jogapkärçiliklerini öz üstüne almagyna görülýän taýýarlyk bilen bagly.

“Owganystan: 2014-nji ýylyň geçişine barýan uzak we agyr ýol” diýlip atlandyrylan täze hasabat düýbi Brýusellede ýerleşýän Halkara krizis topary tarapyndan taýýarlanypdyr. Bu topar özüni hökümetden aýry we ganly konfliktleriň öňüni almak ugrunda işleýän garaşsyz gurama hökmünde häsiýetlendirýär.

Hakyky töwekgelçilik

Halkara krizis toparynyň Owganystan boýunça baýry analitigi Kandas Rondeuks bu ýerde "hakyky töwekgelçiligiň" bardygyny duýdurýar. Onuň pikiriçe, “2014-nji ýylda NATO goşunlary ýurtdan çykarylanda, ABŞ-nyň goldawyndaky owgan hökümetiniň ýykylmagy mümkin”.

Şeýle-de Rondeuks “Owgan goşuny bilen polisiýasynyň ýüküniň ýetikdigini we geçiş üçin taýýarlygynyň pesdigini” aýdýar.

Bu hasabat Birleşen Ştatlaryň Owganystana goşun salyp, "Talyban" režimini agdarmagynyň 11 ýyllygyna gabat çap edildi.

“Talyban” ýekşenbe güni bu senäni ABŞ-nyň we NATO-nyň ýolbaşçylygyndaky güýçleri ýaňsa almak bilen belledi we daşary ýurt goşunlarynyň Owganystanda ýeňiljegini aýtdy.

“Talybanyň” beýanatynda daşary ýurt goşunlarynyň Owganystandan “masgara bolup gaçýandygy we muňa bir düşündiriş tapmaga dyrjaşýandygy” aýdylýar.

Birleşen Ştatlar Owganystandaky kampaniýasyny 2001-nji ýylyň 7-oktýabrynda, şol ýylyň 11-nji sentýabrynda Birleşen Ştatlara edilen terror hüjümlerini planlaşdyrmakda aýyplanan “Al-Kaýda” lideri Osama bin Ladeni tutmak üçin, “Talybany” häkimiýetden agdarmak bilen başlapdy. Amerika edilen terror hüjümlerinde üç müňe golaý adam öldürilipdi.

"Talyban" we owgan goşunlary

ABŞ-nyň ýolbaşçylygyndaky koalisiýanyň resmileri “Talyban” pitneçileriniň janyndan geçen bombaçylaryň hüjümini güýçlendirmäge we beýleki hüjümlere ukyply bolup galýandygyny, ýöne olaryň 2014-nji ýylda daşary ýurt goşunlary çykyp gidenden soň, günbatar tälimini alan owgan goşunlaryny ýeňip bilmejegini aýdýarlar.

Koalisiýa resmileri halkara maliýeleşdirmesiniň we owgan güýçlerine hem hökümetine berilýän goldawyň dowam etdirilmegi ahyry “Talybany” gepleşiklere girmäge hem-de konflikti soňlamaga mejbur eder diýýärler.

Halkara krizis toparynyň hasabatynda, owgan howpsuzlyk aladalarynyň üstesine, 2009-njy we 2010-njy ýyllardaky "hileli we baş-başdak" diýlip häsiýetlendirilen prezident hem parlament saýlawlaryndan bäri, owgan hökümetiniň ynamdarlygynyň hem ýokarlanmandygy bellenilýär.

Indiki saýlawlar

Hasabatda owgan prezidenti Hamid Karzaý berk tankyt edilýär.

“Karzaý ýurtdaky syýasy sistema ynam we uzak möhletli durnuklylyk döretmeklige garanda, her edip, hesip edip, öz häkimiýetini saklamaga has köp gyzyklanýana çalym edýär” diýip, analitik Rondeuks aýdýar.

Şeýle-da hasabat, eger Owganystanda geçjek indiki saýlawlarda hem galplyga, hilegärlige ýüz urulsa, häkimiýetlere bolan ynamsyzlygyň has çuňlaşjagyny we has köp owganlynyň başga alternatiwa gözlejegini duýdurýar.

Hasabatda owgan resmileri mümkin boldugyça çalt indiki prezident saýlawlarynyň senesini kesgitlemäge hem-de ses berişliklere haýsy komissiýalaryň we sudlaryň gözegçilik etmelidigi baradaky meseleleri gaýtadan çözmäge çagyrylýar.

Eger syýasy geçişiň anyk kartasy işlenip düzülmese, Karzaýyň we elitanyň beýleki tanymal agzalarynyň NATO goşunlary çykandan soň barha beter zorluga ýazjak syýasy basdaşlyga girmegi mümkin diýip, hasabatda duýduryş berilýär.
XS
SM
MD
LG