Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

“Halkara krizis topary” Owganystanyň geljegine aladalanma bildirýär


Guramanyň täze hasabatynda NATO-nyň ýolbaşçylygyndaky halkara goşunlarynyň Owganystandan çekilmeginden soň ýurtda weýrançylykly syýasy krizisyň döremeginiň ähtimaldygy aýdylýar. Owgan hökümeti 2014-nji ýyldan soň ýurduň howpsuzlygyny öz güýji bilen üpjün etmäge taýýarlanýar.

“2014-nji ýylyň agyr geçiş ýoly” atlandyrylan hasabaty taýýarlan hökümete degişli bolmadyk “Halkara krizis topary” gandöküşikli konfliktiň öňüni almaga çagyrýar.

Guramanyň Owganystan boýunça baş analitigi Kandas Rondeuksyň sözlerine görä, Birleşen Ştatlar tarapyndan goldanýan owgan hökümetiniň “2014-nji ýylda NATO-nyň ýurtdan çekilmeginden soň dargamagynyň uly töwekgelçiligi” bar.

Şeýle-de Rondeuks “owgan goşunynyň we polisiýasynyň ýüküniň ýetikdigini we geçiş üçin taýýarlygynyň pesdigini” belledi. Hasabatda hökümetiň adalatly saýlawlara taýýarlyk taýdan şowsuzlygynyň-da durnuklylyga wehim salýandygy aýdylýar.
XS
SM
MD
LG