Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Orsýet: Putin bilen Nazarbaýew Moskwada maslahat edýär


Kreml rus prezidenti Wladimir Putin bilen onuň gazak kärdeşi Nursoltan Nazarbaýewiň sişenbe güni Moskwada gepleşik geçirýändigini aýdýar.

Gazagystanyň Daşary işler ministrligi duşenbe güni Nazarbaýewiň Putiniň çakylygy bilen ozal yglan edilmedik sapar boýunça Moskwa gelendigini aýtdy.

Kreml resmileriniň aýtmaklaryna görä, Putin bilen Nazarbaýew iki ýurduň energiýa, kosmos, senagat pudaklary, şol sanda göni söwda gatnaşyklaryny ösdürmek we öz ýurtlarynyň regionlarynyň arasyndaky ykdysady gatnaşyklary giňeltmek, şeýle-de esasy halkara meseleleri barada maslahat ederler.

Iki lider iýunda, Putiniň Gazagystana eden resmi sapary mahalynda we geçen aý Gazagystanyň demirgazyk şäheri bolan Pawlodarda geçirilen Rus-Gazak forumynda duşuşypdylar.
XS
SM
MD
LG