Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkiýe Siriýa bilen söweşe girip bilermi?


Türk esgerleri Şanlyurfa welaýatynyň Akçakale obasynyň golaýyndaky Türkiýe-Siriýa serhedinde, 7-nji oktýabr.
Türk esgerleri Şanlyurfa welaýatynyň Akçakale obasynyň golaýyndaky Türkiýe-Siriýa serhedinde, 7-nji oktýabr.
Türk hökümeti Siriýa ýurduň ýaragly güýçlerini ibereýin diýse, ýoly açyk. Muňa parlament tarapyndan hiç bir päsgelçilik ýok. Ýöne häzirki sorag – Türkiýäniň şeýle planynyň barlygynda ýa ýoklugynda. Türkiýe-Siriýa serhetindäki dartgynlylyk gitdigiçe artsa-da, synçylaryň pikiriçe, häzir beýle ähtimallyk ýok.

"Türk hökümeti Siriýanyň geljekki agressiýasynyň öňüni almak islýär. Bu iş netije berip, muňa düşünilse, ol dartgynlylygy köşeşdirip, ony ýatyrmaga kömek eder diýip umyt edilýär" diýip, Stambuldaky Ykdysady we syýasy barlaglar merkeziniň direktory Sinan Ülgen belleýär.

Ýöne bu Siriýa krizisinde Türkiýäni gyzyklandyrýan zat – diňe serhetde bolmagy mümkin hadysalaryň öňüniň alynmagy diýildigi däl. Ankara Siriýada režimiň çalşylmagy, şeýle hem parahat ilatyň gyrylmagynyň öňüni almak üçin halkara interwensiýasyny gurnamaga çagyran esasy ýurtlaryň biri.

Onuň bu işi etmeginiň hem ýeterlik sebäpleri bar.

Bularyň biri siriýaly bosgunlaryň serhetden geçip, gelip Türkiýä dökülýändigi. Resmi maglumatlar boýunça häzir serhet ýakasynda gurlan lagerlerde 93 müňden agdyk bosgun ýaşaýar. Aýdylyşyna görä, bu lagerlerden daşarda ýaşaýan siriýaly bosgunlaryň sany hem 50 müňden ýokary.

Ankarany alada goýýan ýene bir zat, Siriýadaky bulam-bujarlygyň ýaragly kürt separatistleri bilen Ankaranyň arasyndaky söweşi öjükdirer diýen gorky.

Bular Türkiýe üçin Siriýa garşy herekete geçilmegine ýeterlik deliller hem bolsa, ol häzirlikçe birtaraplaýyn hereket etmezlik kararyna gelene meňzeýär.

Ülgeniň aýtmagyna görä, munuň bir sebäbi interwensiýanyň Türkiýäniň öz içinde köp goldanylmaýandygy: "Türkiýede ilatyň aglaba köplügi hökümetiň Siriýa baradaky syýasatyny gaty dyzmaç görýär. Köp adamlaryň pikiriçe, Siriýada bolup geçýän zatlar siriýalylaryň özüne dahylly. Muňa halkara arkalaşygy garyşmaly däl".

Şol sebäpden Türkiýe giňräk halkara koalisiýasyna goşulmak barada oýlanýar. Ankara öz ýarany NATO agzalarynyň bu işe goşulmagyna garaşmaga ýykgyn edýäne meňzäýer. Ol her gezeginde Siriýa bilen çaknyşyk bolanda bu ýaranlyga ýüz tutup, gyssagly duşuşyklary çagyrdy. Ol ýeke serhet hadysalarynda däl, eýsem iýun aýynda bir harby uçary atylyp gaçyrylanda-da, bu işi etdi.

Ankaranyň bu iki hadysa salgylanmagyna – ol NATO-nyň agzasyna hüjüm edildi diýen delil bilen Siriýa garşy interwensiýa ýol arçaýar diýip düşünilmegi mümkin. Ýöne NATO boýunça bilermen Barbara Zançettanyň aýtmagyna görä, bu haýyşnamanyň bir özüniň NATO-ny herekete getirmegi hökman däl.

Bu öz-özünden bolýan zat däl. Hüjüm edilen bir ýurdy goldamak ýa goldamazlyk barada karar almaly edara NATO Geňeşidir. Ol, adatça, beýle kararlary hiç bir garşylyksyz, biragyzdan oňlanan halatynda goldaýar" diýip, Zançettan aýdýar.

Ýöne häzirki wagtda bular ýaly iň soňky çärä ýüz urmaga, görnüşine görä, ne Türkiýe taýyn, ne-de onuň esasy ýarany NATO.
XS
SM
MD
LG