Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Pakistanda 14 ýaşly gyza edilen hüjüme protest bildirilýär


Çarşenbe güni Pakistanyň Peşawar şäherinde protestçiler talybanlaryň 14 ýaşly bir aktiwist gyzy atyp ýaralamaklaryna garşy protest bildirdiler.

Parahatçylyk boýunça blog ýazyp, aktiw iş alyp barýan 14 ýaşly Malala Ýusufzaý sişenbe güni pakistanly talybanlar tarapyndan atylyp, ýaralandy. Pakistanly syýasatçylar we media serişdeleri bu amala aşyrylan hüjümi berk ýazgaryp çykyş etdiler.

Ýerli keselhananyň lukmanlary sişenbe güni Malala Ýusufzaýyň bokurdagynda galan oky üstünlik bilen onuň bedeninden çykardylar.

Malala Ýusufzaý ilkinji gezek 2009-njy ýylda özüniň Swat jülgesinde ýaşan döwründe talybanlaryň amala aşyran eden-etdilikleri barada blog ýazyp, çykyş edip, jemgyýetçiligiň ünsüni özüne çekipdi.
XS
SM
MD
LG