Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistanyň we Rumyniýanyň prezidentleri Aşgabatda duşuşdylar


Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow iki günlük resmi sapary bilen Türkmenistana baran Rumyniýanyň prezidenti Traýan Basesku bilen Aşgabatda gepleşik geçirdi.

Türkmen mentbugatynyň maglumatyna görä, prezidentleriň aýratyn duşuşygynda we sapara baran delegasiýanyň gatnaşmagyndaky gepleşiklerde ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň möhüm ugurlary boýunça meseleler maslahat edilipdir.

Olaryň arasynda söwda-ykdysadyýet pudagy, ýangyç-energetika toplumy, transport-aragatnaşyk sektory, turizm, şeýle hem ynsanperwer-medeni ugurlar boýunça hyzmatdaşlygy ösdürmeklige üns çekilendigi bellenilýär.
XS
SM
MD
LG