Şenbe güni Müsüriň baş prokurory Abdel Maguid Mahmud öz wezipesinden çekilmelidigi barada prezident Muhammed Mürsüniň buýrugyna boýun bolmajakdygyny nygtap çykyş etdi.
Ol muny Müsüriň konstitusiýasynyň prezidente bular ýaly ygtyýarlyk bermeýändigi bilen delillendirdi.
Bu wakanyň öňýany parlamentdäki agdyklyk ediji “Musulman doganlygy” partiýasynyň käbir wekilleri baş prokuror Abdel Maguid Mahmudy ýurduň ozalky resmilerine garşy geçirilen sud proseslerinde bilkastlaýyn ýeňil aýyplamalary getirenlikde günäkärläp, çykyş etdiler.
Hepdäniň anna güni paýtagt Kairiň “Tahrir” meýdançasynda prezident Muhammed Mürsüniň tarapdarlarynyň we garşydaşlarynyň müňlerçesi özara çaknyşdylar. Bu wakada 100-den gowrak adamyň ýaralanandygy habar berilýär.

Milli geyimleri geydireniňde name, eger zenanyň kalbynyň özi päk bolmasa. Bozuk hereketleri milli egin-eşiklerde edip bolmazmy eýsem? Zorluk ulanmak arkaly häkimiýet milli egin-eşiklere söýgi dalde beter yigrenç oýarýandyklaryndan habarlary yok