Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Köpelýän migrasiýa: sebäpler we çözgütler


Uruş we parahatçylyk maglumatlary institutynyň Türkmenistanyň Migrasiýa gullugyndaky çeşmelere salgylanyp ýazmagyna görä, şu ýylyň dokuz aýynda Türkmenistandan 150 müňden gowrak adam çykypdyr.
Uruş we parahatçylyk maglumatlary institutynyň Türkmenistanyň Migrasiýa gullugyndaky çeşmelere salgylanyp ýazmagyna görä, şu ýylyň dokuz aýynda Türkmenistandan 150 müňden gowrak adam çykypdyr.
Soňky ýyllarda Türkmenistandan daşary ýurtlara gidýän we yzyna dolanyp gelmeýän adamlaryň köpelendigi aýdylýar.

Düýbi Londonda ýerleşýän Uruş we parahatçylyk maglumatlary institutynyň Türkmenistanyň Migrasiýa gullugyndaky çeşmelere salgylanyp ýazmagyna görä, şu ýylyň dokuz aýynda ýurtdan 150 müňden gowrak adam çykypdyr we olaryň 110 müň çemesiniň yzyna gelmejegi çaklanýar.

Ýurtdan çykýanlaryň aglaba köplüginiň syýahatçy wizasy bilen çykýandygy, emma olaryň hakykatda torbaly täjirler, işsizler we ýaşlar bolup durýandygy aýdylýar.

Bu maglumat, ýagny Türkmenistandan gidýänleriň köpelip, yzyna gelýänleriň azalýanlygy ýurt içinden gowuşýan habarlarda hem tassyk bolýar. Şol bir wagtda, Türkmenistandan daşary ýurtlara gidýän we ol ýerde işleýän, okaýan raýatlaryň anyk sany belli däl.

Eýsem, Türkmenistandan ýurt daşyna gidýän we gaýdyp gelmeýän adamlar dogrudanam köpelýärmi? Eger şeýle bolsa, munuň sebäbi näme? Bu meselede nähili çözgüt bolup biler?

Azatlyk Radiosy şu we beýleki soraglara jogap tapmak üçin Türkmenistandan ýerli synçy, ýazyjy Amanmyrat Bugaýewi, Türkiýeden migrant işçi Rozybaýy we Orsýetden pedagog Serdar Ataýewi “Tegelek Stol” söhbetdeşligine çagyrdy.

Şu temadan geçirilen “Tegelek Stol” gepleşigini diňlemek üçin, şu ýere basyň:
please wait

No media source currently available

0:00 0:24:00 0:00
Ýükle
XS
SM
MD
LG