Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Malala "Gaýrat" medaly bilen sylaglanýar


"Talyban" tarapyndan geçen hepde tüpeňlenen ýetginjek aktiwist Malala Ýusufzaýy
"Talyban" tarapyndan geçen hepde tüpeňlenen ýetginjek aktiwist Malala Ýusufzaýy
Pakistan bu ýurtdaky "Talyban" tarapyndan geçen hepde tüpeňlenen ýetginjek aktiwist Malala Ýusufzaýyny "Gaýrat" medaly bilen sylaglaýandygyny yglan etdi. Malala gyzlaryň bilim almak hukuklary ugrunda çykyş edýärdi.

Pakistanyň içeri işler ministri Rehman Malik bu baradaky karary sişenbe güni yglan etdi. Ol Ehsanullah Ehsananyň, Malala "Talybanyň" hüjüm edendigini aýdyp, onuň öldüriljegini wada beren Pakistandaky "Talybanyň" metbugat wekiliniň kellesi üçin 1 million dollarlyk peşgeşiň goýulýandygyny hem yglan etdi.

"Men Ehsanullah Ehsanyň kellesi üçin 100 million rupýalyk (1 million dollara golaý) peşgeşi yglan edýärin. Ony kim ele salsa, baýragy alar. Ony kim tapsa we ol barada maglumat berse, oňa ýurduň iň ýokary baýragy berler. Sebäbi biz bu terroristlerden saplanmaly" diýip, Malik aýtdy.

Malala bilen onuň iki sany klasdaşy geçen hepde mekdepden ulagda gaýdyp gelýärkäler oka tutulypdylar.

Malik Malala garşy hüjümiň Owganystanda planlaşdyrylandygyny öňe sürdi. Ol ýerde Pakistan "Talybanynyň" gaçgak lideri Möwlana Fazlullahyň ýaşaýandygy aýdylýar. Ol 2009-nji ýylda Pakistanyň harby goşunlary Swat jülgesiniň kontrollygyny ele geçirmek boýunça operasiýa geçirende gaçyp gaýdypdy.

14 ýaşly mekdep okuwçysy Malala bilim almagyň ähmiýeti barada gündelik ýazgylary ýazyp başlanda 11 ýaşyndady. Onuň ýazgylary "Talybanyň" söweşijileriniň öz ýaşaýan regionyndaky, Swat jülgesindäki gyzlaryň mekdeplerini otlaýşyny suratlandyrypdy. 2009-njy ýyllaryň başlarynda bu ýer iş üstünde "Talybanyň" gözegçiligindedi.

Duşenbe güni Malala ýörite bejergi we gorag üçin Britaniýadaky keselhana geçirildi. Pakistanda hirurg lukmanlar Malalanyň kellesinden geçip, onuň omzuna giren oky çykarypdylar.

Sişenbe güni Britaniýanyň polisiýasy gijäniň ýaryndan soň ony görmäge gelen we onuň maşgala agzalarydyklaryny aýdan iki adamy yzyna gaýtarandygyny aýdýar. Olaryň şahsy maglumatlary bellige alnypdyr.

Bu aralykda, sişenbe güni Birmingemdäki Patyşa Elizabet keselhanasynyň medisina müdiri Deýw Rosser lukmanlaryň Malalanyň häzirki saglyk ýagdaýyndan hoşaldyklaryny aýtdy.

"Malala üçin rekonstruktiw hirurgiýa gerek bolar. Bizde bu ugurlar boýunça halkara ekspertler bar, şonuň üçin biz rekonstruktiw hirurgiýany planlaşdyrmaga başlaýarys" diýip, Rosser aýtdy.

Şeýle hem Rosser Malalanyň "gowy aýňalmaga" doly mümkinçiliginiň bardygyny belledi. Malala häzir Owganystanda ýaralanan ýüzlerçe esgere bejergi beren ekspertleri özüni jemleýän ýörite keselhana bölüminde saklanýar.

"Onuň gowy aýňalmaga mümkinçiligi bar. Görnüşe görä, entek muňa köp wagt gerek bolar, ol entek ähli kynçylyklardan saplanmady. Oňaýsyz dowam edip biljek köp zat bar. Emma häzirki pursatda biz ýagdaýlaryň dogry ugur bilen barýandygyna ynam edýäris" diýip, Rosser aýtdy.

Pakistanda "Talyban" söweşijileri Yslamyň kanunlaryny ornaşdyrmaga edýän synanyşyklaryna garşy çykyş edýändigi üçin we Birleşen Ştatlaryň prezidenti Barak Obamany öwýändigi üçin Malalany öldürjekdikleri barada sişenbe güni ýene-de haýbat atdylar.
XS
SM
MD
LG