Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Orsýetiň oppozisiýa liderleriniň garşysyna jenaýat işi gozgaldy


Oppozisiýa lideri Sergeý Udalsow (Ç 2-nji) Moskwada tussag edildi,17-nji oktýabr, 2012.
Oppozisiýa lideri Sergeý Udalsow (Ç 2-nji) Moskwada tussag edildi,17-nji oktýabr, 2012.
Orsýetiň “Çepçi Front” atly oppozisiýa toparynyň lideri Sergeý Udalsowa we ýene birnäçe oppozisiýa liderlerine garşy jenaýat işi gozgaldy. Bu barada çarşenbe güni Orsýetiň Derňew komitetiniň sözçüsi Wladimir Markin mälim etdi.

Markin bu jenaýat işiniň “Protestiň anatomiýasy-2” atly filmi bilen baglydygyny we onuň köpçülikleýin gozgalaňa taýýarlykda aýyplanýandygyny aýtdy. Hökümeti agdarmak üçin oppozisiýa liderleriniň Gürjüstanyň resmileri bilen bilelikde dildüwşük gurnandyklaryny Markin sözüniň üstüne goşdy.

Kremliň tarapyndaky NTW telekanaly geçen hepdede Udalsowyň Gürjüstanyň resmileri bilen Moskwada gozgalaňy planlaşdyrmak üçin duşuşýandygyny görkezýän filmi efire berdi.

Alyp baryjy: “Parahat ýol bilen rewolýusiýa etmek mümkinçiligi başa barmady. Orsýetiň uly şäherindäki meýdançalaryny birbada eýelemek ýowuz senariýanyň başlangyjy bolmaly. Edilmeli hereketleriň plany eýýäm düzülipdir. Bizde bar bolan materiala laýyklykda, muny amala aşyrmaly awtorlar Orsýetiň daşyndakylar we Udalsowdyr”.

Bu jenaýat işinde filmde görkezildi diýilýän beýleki oppozisiýa liderleriniň arasynda Leonid Razwozžaýewiň we Konstantin Lebedewiň atlary geçýär. Häkimiýetler tarapyndan olaryň ýaşaýan öýleri döküldi diýip, Markin aýtdy.

Udalsowyň we onuň ene-atasynyň ýaşaýan öýleri hem döküldi.

Derňew komitetiniň maglumatyna görä, Udalsowyň Gürjüstanyň Parlamentiniň goranmak we howpsuzlyk boýunça komitetiniň başlygy Giwi Targamadze bilen Belarusyň Minsk şäherinde duşuşandygy filmde görkezilýär.

Bu duşuşyga Gürjüstanyň Moldowadaky konsuly Mihail Iaşwiliniň we Wladimir Putiniň garşysyna protestleri we Moskwadaky gozgalaňy maliýeleşdirmekligi planlaşdyrýan olaryň üç sany kömekçisiniň hem gatnaşandygy aýdylýar.

Maglumata görä, filmde Udalsowyň Putina garşy şygarlary Grozny diýlip atlandyrylýan jaňly minaranyň depesinde dikmek barada dildüwüşýändigi görkezilipdir.

Oppozisiýa lideri Sergeý Udaltsow Moskwanyň sudunyň ýanynda, 26-njy sentýabr, 2012.
Oppozisiýa lideri Sergeý Udaltsow Moskwanyň sudunyň ýanynda, 26-njy sentýabr, 2012.
Udalsow aýyplamalary ret edýär we gürrüňi edilýän filmiň ýörite üýtgedilip gurnalandygyny aýdýar. Markin muny ret etdi.

Çarşenbe güni Udalsowa jaň eden Orsýetiň Interfaks habar agentliginiň maglumatyna görä, Udaltsow telefona “Howa” diýip jogap bereninden soň, oňa kimdir-biri tarapyndan telefonyny öçürmäge buýruk berlipdir.

Udalsow öýi döküleninden soň Derňew komitetine özüniň soraga äkidilendigini “Interfaksa” habar etdi.

Maglumatlara görä, Içeri işler ministrliginiň ýolbaşçylary Udaltsowy soraga alyp gidipdirler, ýöne alnyp barylýarka Udalsow öýüniň daşynda ýygnanan adamlara ýüzlenipdir.

Udalsow: "Bu biziň aktiw hereketimiz üçin häkimiýetleriň ar almagydyr. Men ähli adamlary dymman, bu barada gahar-gazaplaryny aýan etmeklige çagyrýaryn."

Udalsow Derňew komitetine eltilenden bir salym soň SMS ugratdy. Onda “Men gabalana meňzeýärin” diýlip ýazylýar. Soňra Udalsowyň aýaly Anastasiýa adamsynyň 48 sagatlyk tussag edilendigini “Eho Moskwy” radio satnsiýasyna aýtdy.

Orsýetiň içeri işler ministrliginiň ofiserleri Sergeý Udaltsowyň öýüniň daşynda, Moskwa, 17-nji oktýabr, 2012.
Orsýetiň içeri işler ministrliginiň ofiserleri Sergeý Udaltsowyň öýüniň daşynda, Moskwa, 17-nji oktýabr, 2012.
Lebedewiň we Razvozžaýewiň hem 48 sagatlyk tussag edilendigi aýdylýar.

Udalsowyň aklawjysy Wioletta Wolkowa Udalsowa bildirilýän aýyplamalary ret etdi we onuň (Udalsowyň) ýowuz usullary goldamaýandygyny aýtdy.

“Adam hukuklary üçin” atly hereketiň başlygy Lew Ponomarýew Orsýetiň oppozisiýasyna garşy häzirki hereketler “1930-njy ýyllarda başlanan repressiýany ýatladýar” diýdi. Şol döwürde Iosif Stalin “giň syýasy arassalaýyş” diýlip atlandyrylan repressiýasyny geçiripdi.
XS
SM
MD
LG