Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ukraina: Ýewreýleriň ägirt uly merkezi açyldy


Umumy meýdany 50 müň kwadrat metr bolan bu Ýewreý merkezi ýewreýleriň tradision şemdanlary bolan menoranyň şekilinde gurlan.
Umumy meýdany 50 müň kwadrat metr bolan bu Ýewreý merkezi ýewreýleriň tradision şemdanlary bolan menoranyň şekilinde gurlan.
Ukrainanyň gündogar regionyndaky Dnepropetrowsk şäheri bu regionyň ýewreý ýaşaýjylarynyň taryhyny we medeniýetini özünde jemleýän täze bir ägirt uly merkeziň hem-de muzeýiň mekanyna öwrüldi.

Şu hepdäniň sişenbe güni açylyş dabarasy geçirilen bu muzeý şu geljek dynç alyş güni jemgyýetçilik üçin işläp başlar. Umumy meýdany 50 müň kwadrat metr bolan bu Ýewreý merkezi ýewreýleriň tradision şemdanlary bolan menoranyň şekilinde, ýedi sany binadan ybarat görnüşde gurlan.

Resmiler ýokary baha berýär

Bu Ýewreý merkeziniň 3 müň kwadrat metrini Holokost muzeýi tutýar. Bu muzeýiň döredilmegini goldaýjylar bu waka Dnepropetrowsk regionyndaky 50 müň töweregi ýewreý obşinasynyň soňky 20 ýylyň dowamynda täzeden janlanmak prosesiniň simwoly hökmünde baha berýärler.

“Menora merkeziniň” açylyş dabarasynda. Dnepropetrowsk, 16-njy oktýabr, 2012.
“Menora merkeziniň” açylyş dabarasynda. Dnepropetrowsk, 16-njy oktýabr, 2012.
Bu merkeziň açylyş dabarasyna gatnaşan Ysraýylyň jemgyýetçilik diplomatiýasy we diaspora meseleleri boýunça ministri Ýuliý Edelşteýn bu ýagdaýa şeýle baha berdi: “Bu ýerde hiç zat ýokdy: sinagoga-da, ýewreý mekdebi-de, obşina merkezleri-de ýokdy. Şoňa görä-de, ýigrimi ýylyň içinde olaryň şular ýaly öňegidişlik görkezmekleri, hakykatdanam, akylyňa sygmajak bir zat bolup görünýär”.

Sişenbe güni Dnepropetrowsk şäherinde gurnalan bu dabara dünýäniň dürli ýurtlarynyň ýewreý obşinalarynyň wekilleri, ýokary derejeli ýewreý rawwinleri, Ukrainanyň biznes toparlarynyň liderleri, halkara guramalarynyň wekilleri bilen birlikde Beýik Britaniýanyň, Birleşen Ştatlaryň, Germaniýanyň we Şwesiýanyň diplomatlary-da gatnaşdylar.


Gündogar Ýewropada iň uly

Ukrainadaky bu täze Ýewreý merkeziniň sponsorlary “Menora merkezi” diýlip atlandyrylan bu merkeziň post-sowet döwründe Gündogar Ýewropa regionynda gurlan şular ýaly iň uly merkezdigini aýdýarlar. Beýikligi 22 gat bolan ýedi sany binadan ybarat bu merkeziň gurluşygy dört ýyla çekdi.

Bu merkezdäki muzeýde ýewreýleriň taryhy we medeniýeti bilen baglanyşykly eksponatlar bilen birlikde, multi-media tehnologiýasy arkaly görkezilýän dokumentler-de köp.

“Menora merkeziniň” gurluşygy, esasan, Ukrainanyň ýewreý obşinasynyň liderleri, ukrainaly biznesmenler Gennadiý Bogolýubow hem-de Igor Kolomoýskiý tarapyndan maliýeleşdirildi. “Forbes” žurnaly bankir Gennadiý Bogolýubowyň maliýe baýlygyny 2.8 milliard dollar diýip kesgitleýär. Milliarder Igor Kolomoýskiý onuň biznes partnýory hökmünde iş alyp barýar.

Ozalbaşda “Ýekaterinoslaw” diýlip atlandyrylan häzirki Dnepropetrowsk şäherinde ýewreýler bu şäheriň esaslandyrylan döwründen, ýagny 18-nji asyryň ahyrlaryndan bäri ýaşap gelýärler. Geçen asyryň ahyrlarynda ýewreýler bu şäheriniň ilatynyň 36 prosentini ybarat etdi.

Dnepropetrowsk regionyndaky ýewreýler 1930-njy ýyllarda Staliniň ýolbaşçylygynda amala aşyrylan repressiýalardan ejir çekipdiler. Ondan soň bolsa, 1941-nji ýylda nemes nasistleri bu şäheri gabanlarynda, 11 müňden gowrak ýewreý ilaty nasistler tarapyndan öldürilipdi.
XS
SM
MD
LG