Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Gyrgyzystanly aktiwistler gyz ogurlamak däbine garşy protest geçirýärler


Hepdäniň penşenbe güni 30-a golaý ynsan hukuklaryny goraýjy aktiwist Bişkekde parlamentiň öňünde piket geçirdi we gyzlary olaryň razylyga garşy ogurlamak üçin jezany pugtalandyrmagy talap etdi.

Aktiwistler öz hereketini “155” diýip atlandyrdylar. Gyrgyzystanyň Jenaýat kodeksiniň 155-nji maddasy gyzy onuň razylygyna garşy ogurlamak üçin bäş ýyldan ýokary tussaglyk möhletini göz öňünde tutýar.

Penşenbe güni Gyrgyzystanyň parlamenti gyz ogurlamak üçin jeza hökmünde üç ýyldan ýedi ýyla çenli türme tussaglygyny girizmegi makullady.

Aktiwistler ýylda 12 müňe golaý gyzyň ogurlanýandygyny aýdýarlar we olaryň köpüsiniň ýetginjek ýaşyna ýetmedik ýaş gyzlardygyny beleýärler.

Geçen aýda gyz ogurlamak bilen baglylykda bir adam 7 ýyl türme tussaglygyna höküm edilipdi. Bu Gyrgyzstanda gyz ogurlamak bilen baglylykda çykarylan ilkinji höküm bolupdy.
XS
SM
MD
LG