Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ABŞ “Al-Kaýdanyň” iki wekili üçin 12 million dollar bermekçi


Penşenbe güni Birleşen Ştatlaryň Döwlet departamenti “Al-Kaýdanyň” Eýranda hereket edýän diýlip hasaplanylýan iki sany agzasynyň tussag edilmegine ýardam etjek maglumat üçin jemi 12 million dollar pul sylagyny hödürleýändigini mälim etdi.

ABŞ-nyň Döwlet departamenti Muhsin al-Fadhlini we Adel al-Harbini Yraga we Owganystana ekstremistleri ýollamak bilen meşgullanýanlykda aýyplaýar.

Döwlet departamenti Muhsin al-Fadhliniň ele salynmagyna ýardam etjek maglumat üçin 7 million dollar, Adel al-Harbiniň ele salynmagyna ýardam etjek maglumat üçin bolsa 5 million dollar sylag berjekdigini aýdýar.

Birleşen Ştatlaryň hökümeti Eýrany öz territoriýasynda “Al-Kaýdanyň” erkin hereket etmegine ýol berýänlikde aýyplaýar.
XS
SM
MD
LG