Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Orsýetiň Dumasy dönükligiň kesgitlemesini giňeldýär


Orsýetiň adam hukuklary topary "Agoranyň" ýolbaşçysy Pawel Çikowyň aýtmagyna görä, Orsýetiň raýatlary tarapyndan daşary ýurt guramalaryna edilýän şikaýatlara indiden beýläk "watana dönüklik" hökmünde garalyp bilner.
Orsýetiň adam hukuklary topary "Agoranyň" ýolbaşçysy Pawel Çikowyň aýtmagyna görä, Orsýetiň raýatlary tarapyndan daşary ýurt guramalaryna edilýän şikaýatlara indiden beýläk "watana dönüklik" hökmünde garalyp bilner.
Orsýetiň parlamentiniň aşaky öýi watana dönükligiň kesgitlemesini giňeldýän kanun taslamasyny aglaba köplügiň sesi bilen makullady. Tankytçylaryň pikiriçe, Kreml bu çäre arkaly oppozisiýa basyş etmek isleýär.

Döwlet Dumasynda 375-e garşy 2 ses bilen kabul edilen bu kanun taslamasynda döwlet syrlaryny bikanun ýol bilen ele geçirenler üçin sekiz ýyla çenli türme tussaglygy göz öňünde tutulýar.

Häzirki kanunçylyk watana dönükligi içalyçylyk etmek ýa-da Orsýetiň daşary howpsuzlygyna zeper ýetirýän döwlete ýardam bermek hökmünde kesgitleýär.

Täze kanun taslamasy bu kesgitlemäni giňeldip, oňa Orsýetiň "konstitusion düzgünine, özbaşdaklygyna, territorial we döwlet bitewiligine" garşy hereketleri hem goşýar.

Federal howpsuzlyk gullugy (FSB) tarapyndan işlenip taýýarlanan bu kanun taslamasy başga bir döwlete ýa-da halkara guramasyna "maliýe, tehniki, konsultasiýa ýa başga bir ýardamy" bermegi hem watana dönüklik hökmünde kabul edýär.

Onda ady görkezilmedik käbir halkara guramalarynyň "bikanun ýollar arkaly" Orsýetiň döwlet syrlaryny ele geçirmäge synanyşandygy hem agzalýar.

Teklipde köpmilletli guramalar hem döwlet syrlaryndan peýdalanyp biljek edaralaryň sanawyna goşulýar. Mundan öň bu sanawda diňe hökümetler we daşary ýurtlaryň guramalary agzalýardy.

Moskwa Waşingtony Orsýetiň syýasatyna goşulyşmak we saýlawlara täsir etmek üçin özüniň halkara kömek missiýasyny ulanýanlykda aýyplap, şu aýyň başynda Birleşen Ştatlaryň Halkara ösüş agentliginiň (USAID) bu ýurtdaky edarasynyň ýapylmagyna görkezme beripdi.

Oppozisiýadaky "Diňe Orsýet" partiýasy watana dönüklik boýunça şeýle giň kesgitlemäniň "daşary ýurtly bilen aragatnaşyk saklaýan islenik ors raýatyny" watana dönüklik etmekde günäkärläp biljekdigini aýdyp, bu üýtgeşmelere özüniň garşy çykýandygyny mälim etdi.

Orsýetiň adam hukuklary ombudsmany, wezipä prezident Wladimir Putin tarapyndan bellenen Wladimir Lukin kanun taslamasyny tankytlaýanlaryň tarapyna geçdi.

Lukin bu kesgitlemäniň şahsyýetiň günäsini adalatly ýagdaýda takyklaşdyrardan çenden aşa giňdigini aýdyp, onuň halkara kanunlaryna we Orsýetiň konstitusiýasyna çapraz gelýändigini belledi.

Orsýetiň adam hukuklary topary "Agoranyň" ýolbaşçysy Pawel Çikowyň Azatlyk Radiosynyň Rus gullugyna aýtmagyna görä, Orsýetiň raýatlary tarapyndan daşary ýurt guramalaryna edilýän şikaýatlara indiden beýläk "watana dönüklik" hökmünde garalyp bilner.

"Mysal üçin, Federal howpsuzlyk gullugy BMG-niň Adam hukuklary komissiýasyna ýa-da Adam hukuklary boýunça Ýewropa suduna edilen şikaýata Orsýetiň milli howpsuzlygyna wehim hökmünde garasa, indi ol watana dönüklik bolar"diýip, Çikow aýdýar.

23-nji oktýabrda parlamentiň aşaky öýi tarapyndan makullanan kanun taslamasy gol üçin üçin Putine geçirilmezden öň, onuň ýokarky palata tarapyndan hem kabul ediljegine kän bir şübhe ýok.
XS
SM
MD
LG