Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Brahimi Moskwada Siriýadaky krizis boýunça gepleşik geçirdi


Siriýa boýunça halkara wekili Lahdar Brahimi hepdäniň duşenbe güni Orsýetiň daşary işler ministri Sergeý Lawrow bilen gepleşik geçirdi.

Moskwadaky gepleşikler Siriýada ok atyşygyny bes etmek boýunça yglan edilen dört günlük wagtlaýyn ylalaşyklaryň iň soňky güni geçirildi. Ok atyşygyny bes etmek boýunça bu ylalaşyk hem hökümet güýçleri, hem-de gozgalaňçylar tarapyndan doly berjaý edilmändi.

Brahimi bu prosessde araçy bolup, 19 aý bäri dowam edýän we onlarça müň adamyň ölümine sebäp bolan krizisiň soňuna çykmak üçin taraplar arasynda birek-birege ynam döretmäge synanyşypdy.

Aktiwistler diňe bir ýekşenbe güni azyndan 110 adamyň heläk bolandygyny aýdýarlar. Olaryň arasynda 16 adam Siriýanyň demirgazygyndaky Jabal al-Zawiýa daglyk regionynda ýerleşýän Al-Barra obasyna howadan edilen hujümde ýogalypdyr.

Şeýle-de hökümet güýçleri gozgalaňçylary gysyp çykarmak üçin Damaskyň etegindäki gündogar regionlarynyň üçüsine zarba urdular.
XS
SM
MD
LG