Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Somalide yslamçylaryň üstünden gülen wäşi öldürildi


Somalide belli wäşi we aýdymçy Warsame Şire Awale öldürildi. Mundan ozal, ol “Al-Kaýda” hereketine degişli “Şebab” yslamçy söweşijilerini masgaralapdy.

Awale ýerli radiolaryň birinde aýdym we saz prodýuseri bolup işläpdi. Somaliniň žurnalistler bileleşiginiň berýän maglumatyna görä, Awale ençeme gezek haýbat hem atylypdyr.

Awale duşenbe güni Mogadişu şäherinde öldürildi. Mundan bir hepde ozal, Somalide başga bir radionyň habarçysy öldürilipdi.

Şu ýyl Somalide azyndan 17 habarçynyň janyna kast edildi. “Serhetsiz Reportýorlar” (RSF) guramasy 2012-nji ýyly Somaliniň “iň ganly” ýyly diýip häsiýetlendirdi. Deňeşdirme üçin, 2009-njy ýylda Somalide dokuz habarçy öldürilipdir.

Somalide žurnalistleriň öldürilmegi bilen bagly hiç hili tussag etmeler amala aşyrylmady.
XS
SM
MD
LG