Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ABŞ: Saýlaw kampaniýalary aýgytly sepgitde


Prezident Barak Obama Kolorado uniwersitetinde öz tarapdarlarynyň öňünde saýlaw programmasy bilen çykyş edýär. Boulder, 1-nji noýabr, 2012.
Prezident Barak Obama Kolorado uniwersitetinde öz tarapdarlarynyň öňünde saýlaw programmasy bilen çykyş edýär. Boulder, 1-nji noýabr, 2012.
Birleşen Ştatlarda prezidentlik saýlawlarynyň geçiriljek gününe iki günden sähel gowrak wagt galdy. Ilat arasynda geçirilýän pikir soraýyşlyklar prezidentlige dalaşgärler Barak Obama bilen Mitt Rominini goldaýjylaryň sanynyň örän ýakyndygyny görkezýär.

Anna güni ýurduň orta-gündogar regionynda saýlaw kampaniýasynyň geçiren bu dalaşgärleriň ikisem şu ýylyň oktýabr aýyndaky işsizlik bilen bagly görkezijiler boýunça birek-birege ýiti sözler aýtdylar.

Oktýabr aýynda Birleşen Ştatlarda bir tarapdan işsizleriň sany 7.9%-e çenli ýokary galdy, beýleki tarapdan bolsa täze döredilen iş ýerleriniň sanam garaşylyşyndan birneme köp boldy.

Barak Obama iş orunlarynyň artmagynyň soňky dört ýylyň dowamynda Birleşen Ştatlary täzeden aýňaldyrmak boýunça öz alyp barýan syýasatynyň netijesidigini öňe sürdi.

Romniniň pozisiýasy

Emma, beýleki tarapdan, Mitt Romni şol bir görkezijilere salgylanmak bilen, işsizligiň az-owlak ýokary göterilmeginiň ýurduň ykdysadyýetiniň henizem durgunlylyk ýagdaýdadygyny görkezýän alamatdygyny nygtady.

Ilatyň iş bilen üpjünçiligi baradaky soňky statistika oktýabr aýynda Birleşen Ştatlarda 171 müň sany täze iş ornunyň peýda bolandygyny görkezýär. Emma, beýleki tarapdan, işsizleriň sany-da birneme ýokarlanyp, 7.9%-e ýetdi.

Bu gezek prezidentlik saýlawlary Birleşen Ştatlaryň taryhynda “Uly depressiýa” diýip at alan 1930-njy ýyllaryň maliýe krizisinden bäri dörän iň uly işsizlik bilen alamatlanar.

Barak Obama ýurduň baý gatlagyna salynýan salgytlary artdyrmaklyga, ýagny olaryň girdejilerine salynýan salgytlary azyndan 30%-e ýetirmeklige söz berýär. Iş orunlaryny döretmek üçin bolsa, ol serişdeleriň has köp energetika pudagyny kämilleşdirmeklige, bilim pudagyna we işgärlere tälim bermeklige, şeýle-de infrastrukturany ösdürmeklige gönükdiriljekdigini aýdýar.

Mitt Romni maşgalalara salynýan salgytlaryň ýokarlandyrylmagyna garşy çykýar. Ol ähli girdejilere salynýan salgytlary Jorj Buşuň ýurdy dolandyran döwründäki derejesinde saklamakçydygyny aýdýar.
XS
SM
MD
LG