Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ukraina: Oppozisiýa lideri parlamente barmazlyga çagyryş edýär


Ýekşenbe güni Ukrainanyň parlament deputaty we oppozision “Batkiwşina” partiýasynyň lideri Anatoliý Hrytsenko bu partiýadan täze saýlanan deputatlaryň parlamente barmaly däldikleri barada çykyş etdi.

Ol bu oppozision partiýanyň Syýasy Geňeşiniň başlygy Arseniý Ýatsenýuga partiýanyň gurultaýyny geçirip, özleriniň saýlawlarda gazanan 103 mandatyndan ýüz öwürmelidiklerini teklip edendigini aýtdy.

Ukrainanyň resmi maglumatyna görä, 28-nji oktýabrda geçirilen parlament saýlawlarynda prezident W.Ýanukowiçiň Regionlar partiýasy sesleriň 30.01%-ne, oppozision “Batkiwşina” partiýasy 25.52%-ne, boksçy Witaliý Kliçkonyň “Udar” partiýasy 13.95%-ne we Kommunistik partiýa hem 13.18%-ne eýe bolup, parlamentden orun almaga hukuk gazanypdyrlar.

Oppozisiýanyň liderleri bu saýlawlaryň netijesiniň häzirki häkimiýetler tarapyndan galplaşdyrylandygyny öňe sürýärler.
XS
SM
MD
LG