Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

HAEG: Eýran derňew boýunça işleşenok


Halkara atom energiýasy gullugynyň (HAEG) baş müdiri Ýukio Amano
Halkara atom energiýasy gullugynyň (HAEG) baş müdiri Ýukio Amano
Birleşen Milletler Guramasynyň ýadro gözegçilik edýän edarasy Eýranyň öz ýadro işleri barada jikme-jik maglumat bermekden ýüz öwürýändigini aýdýar.

Halkara atom energiýasy gullugynyň (HAEG) baş müdiri Ýukio Amano özüniň bu duýduryşyny 5-nji noýabrda BMG-niň Baş assambleýasyndaky çykyşynda etdi.

Ol 2011-nji ýylyň noýabr aýynda HAEG-niň ýaýradan hasabatyndan soň, şu ýyl Eýran bilen geçirilýän gepleşikleriň ýygjamlaşdyrylandygyny mälim etdi. Şol hasabatda "Eýranyň partlaýjy ýadro enjamlaryny öndürmeklige degişli işleri alyp barandygy babatda ynamly maglumatlaryň bardygy" aýdylypdy.

Emma Amano Eýranyň öz ýadro programmasy barada has köp maglumat bermegi üçin edilen tagallalaryň "hiç hili anyk netije bermändigni"belledi.

Tähran özüniň ýadro programmasynyň graždan maksatlaryna gönükdirilendigini aýdyp gelýär.

Tährana garşy maliýe sanksiýalaryny girizen Günbatar döwletleri Eýrany ýadro ýaraglary programmasyny dowam etdirýänlikde aýyplaýarlar.

Ysraýyldan gowşan soňky maglumatlar 2010-njy ýylda premýer-ministr Benýamin Netanýahu bilen goranmak ministri Ehud Baragyň Eýranyň ýadro merkezlerine hüjüm etmeli bolsa, oňa taýýar bolmak barada beren buýrugyny Ysraýylyň harby güýçleri ret edipdir.

Aýdylmagyna görä, synçylar Eýranda işlenip taýýarlanýan 20 prosent baýlaşdyrylan uranyň möçberini ýakyndan synlaýarlar. Sebäbi şeýle derejeli uran atom bombasyny öndürmekde möhüm rol oýnaýar.

Geçen hepde Ysraýylyň goranmak ministri Ehud Barak Britaniýanyň "The Daily Telegraph" gazetine beren interwýusynda Eýranyň öz baýlaşdyrylan uranynyň üçden birini medisina barlaglary boýunça reaktoryny ýangyç bilen üpjün etmek üçin ulanandygyny aýtdy. Munuň bolsa, Yraýyl tarapyndan bellenen "gyzyl çyzyga" tarap Eýranyň öňegidişligini gijikdiren bolmagy mümkin.

Emma ol Eýranyň häkimiýetleriniň ýadro ýaraglaryny edinmäge synanyşýandygyna Ysraýylyň heniz hem ynanýandygyny we olaryň öndürilmeginiň öňüniň alynmalydgyny nygtady.

Birleşen Ştatlar Eýranyň ýadro ýaragly döwlete öwrülmeginiň "kabul ederliksizdigini" aýdypdy.

Birleşen Milletler Guramasynyň Howpsuzlyk Geňeşi Eýranyň ynjyk ýadro we raketa işlerinden el çekmegi üçin, bu ýurda garşy dört tapgyr sanksiýalary girizipdi.
XS
SM
MD
LG