Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Eýranly blogçynyň ölümi bilen bagly alada bildirilýär


Ynsan hukuklaryny goraýjy “Amnesty International” guramasy bilen birlikde Fransiýanyň we Britaniýanyň hökümeti hem eýranly blogçy Sattar Beheştiniň Eýranyň tussag izolýatorynda ölmegi bilen bagly waka boýunça düýpli derňew geçirilmegine çagyryş edýärler.

“Amnesty International” guramasy Eýranyň hökümetini tankytlaýjy ýiti bloglary bilen tanalýan Sattar Beheştiniň gynamalar sebäpli ölen bolmagynyň mümkindigini görkezýän alamatlaryň bardygyny aýdýar.

Eýranyň oppozision toparlarynyň maglumatyna görä, blogçy Sattar Beheşti oktýabr aýynyň ahyrlarynda tussag astyna alnypdyr we onuň jesedi şu hepdäniň çarşenbe güni onuň maşgalasyna tabşyrylypdyr.

Özüniň tussag edilmezinden öň Sattar Beheşti özüne Eýranyň howpsuzlyk gulluklarynyň haýbat atýandyklary barada-da blog ýazypdy.
XS
SM
MD
LG