Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Bir gezek: “Çakyr içmedik bolup…”


Çekeleşik karikaturasy.
Çekeleşik karikaturasy.
“Çakyr içmedik bolup…”

Türkmenistanyň halk artisti Artyk Jallyýew Daşoguzyň oblast (häzirki welaýat) teatrynyň baş režessýory bolup işleýän dowri Beki Seýtäkowyň “Doganlar” romany esasynda ýazylan dramany teatr sahnasynda goýupdyr.

Aşgabada gelende, ol Beki aganyň ýanyna ýörite baryp, spektakla tomaşaçynyň köp gelýändigini aýdypdyr. Bu habara göwni göterilen Beki aga Artygy öýüne myhmançylyga çagyrýar.

Artyk Beki aganyň öýüne barýar. Orta jüýjeli palaw, onuň ýany bilenem bir çüýşe çakyr getirilýär. Uly ýazyjynyň öýünde ermeni konýagyny,iň bolmanda, saýlantgy rus aragyny içmäge ymsynyp gelen Artyk Jally närazylyk bilen gaşyny çytýar. Soňra ol Beki aga ýüzlenip:

– Künji ýagyna bişen jüýjeli palawyň ýanynda bu çakyr name işleýär? – diýýär.
Beki aga onuň sowalyna:

– Artyk jan,palawyň ýanyndan çakyr içmek peýdaly – diýip, parahat
jogap berýär.

Bu jogaba ýeňse damary has gatan Artyk Jally:

– Beki aga, şu çakyry meň ejemem içenok– diýýär.

Beki aga hezil edip gülýär-de:

– Çakyr zat içmedik bolup, seniň ejeňem otyrýeri bilen däl-ow! – diýýär.

***

Wyždan

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Döwlet baýragynyň eýesi, edebiýat tankytçysy Saýlaw Myradow bilen Türkmenistanyň halk ýazyjysy Ýylgaý Durdyýew ildeşdi. Olar Balkan welaýatynyň Gazanjyk (häzirki Bereket) etrabynda doglandy.

Saýlawyň Medeniýet ministrliginiň redaksion-repertuar kollegiýasyniň baş redaktory bolup işleýän wagty Ýylgaý drama eserini teatr sahnasynda goýdurmak üçin kollegiýa hödürleýär. Kollegiýada Saýlaw Ýylgaýyň eserini berk tankyt edýär. Onuň sahnada goýulmagyna garşy bolýar.

Kollegiýa tamamlanandan sonar, Saýlawdan gara çyny bilen öýkelän Ýylgaý Saýlawa:

– Ikimiz telim ýyl bäri duz-emek, üstesine-de ildeş. Bu näme etdigiň boldy? Saýlaw, sende wyždan diýilýän zat barmy? – diýýär.

Saýlaw oňa:

–Ýylgaý, wyždan diýýäniň pul bolsa, onda ol mende ýok – diýip, parahat jogap berýär.

***

“Meniň ýarymça barsyň”

Türkmenistanyň halk ýazyjylary Aman Kekilow bilen Çary Aşyrow golaý garyndaşdy. Ýöne olar häsiýeti babatynda meňzeş däldiler. Aman aga husyt, gysgançdy. Çary aga eli açyk, sahy adamdy.

Bir gün Aman aga Çary agany öýüne myhmançylyga çagyrýar. Çary aga hudožnik dosty Nury Hojamuhammedow bilen bile barjakdygyny aýdýar. Aman aga kyn görse-de, razy bolýar. Olar Aman aganyň öýüne baran wagty, Çary aganyň aýaly Ogulnabat gelneje jaň edip:

– Çary, öýe Tejenden myhman geldi. Seni gyssagly görmekçi – diýýär.

Çary aga öýüne gaýdarman bolýar. Nury-da onuň bilen bile gaýtjak bolanda, Aman aga:

– Inim, öň adyňy eşidýärdim. Saý-sebäp bilen öýe geldiň, gal, saçak başynda ine-gana tanşarys – diýýär.

Nury Hojamuhammet Aman aganyň öýünde galýar. Saçak başynda Aman aganyň göwni, eli açylyp. Nura gadyr bilen hezzet-hormat edýär. Nury gijäniň bir wagty öýüne gaýtmakçy bolanda, Aman aga ony köçä çenli ugradyp, taksi saklaýar.

Taksiçiniň eline bermelisinden iki esse muzd (ýol kireý) berip: “Şu ýigidi öýüniň gapysynda düşür” diýip sargaýar. Nury taksä münenden soňra:

– Aman aga, saňa “Gysganç” diýip gybatyňy edýärler. Ol ýalan eken. Oňa gözüm ýetdi. Ýöne sen barybir Çary Aşyryň ýaryça-da ýok – diýip, ýola düşýär.

Şol gün aladaňdan Çary aganyň jaýynyň penjiresi kakylýar. Çary aga penjiräni açsa, Aman aga gahardan ýaňa sandyrap duranmyşyn. Ol dessine Çary aganyň üstüne gygyryp başlaýar: “Düýn öýüme elten doňuzyň kimdi?” diýýär. Çary aga
oňa:

– Aman, ol doňuz däl, ol Türkmenistanyň sungatda at gazanan işgäri, Merkezi şekillendiriş muzeýiniň direktory hudožnik Nury Hojamuhammedow – diýip, parahat jogap berýär.

Aman aga barybir köşeşmeýär:

– Men ol doňuza özüme etmeýän hyzmatymy etdim. Iň soňunda ýol kireýinem töläp, taksili ýola saldym. Ol ugrajak wagty maňa “Sen Çary Aşyryň ýaryça-da ýok” diýdi. Gaharyma ýatyp bilmedim – diýip, Çary aganyň üstüne gazaply sürünýär.

Çary aga oňa:

– Aman, samsyk bolma! Bar, git-de, öýüňde arkaýyn ukyňy al, sen
meniň ýarymça barsyň – diýip, oňa “göwünlik” beripdir.

Toplan ýazyjy Amanmyrat Bugaýew.
XS
SM
MD
LG