Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Eýran zynatly harytlaryň importuny gadagan edýär


Tähranyň bir pul çalşylýan dükanyndaky eýran teňňeleri. Noýabr, 2012 ý.
Tähranyň bir pul çalşylýan dükanyndaky eýran teňňeleri. Noýabr, 2012 ý.
Eýran barha beterleşýän sanksiýalar bilen ýüzbe-ýüz bolanyndan soň, iň zerur bolan önümler üçin milliardlap dollary tygşytlamak maksady bilen, daşary ýurtlarda öndürilen maşynlardan başlap, mobil telefonlaryna çenli, aşa bezegli we gymmat harytlaryň importuna wagtlaýyn gadaganlyk girizýär.

Eýran aşa bezegli hasaplanýan we zerur däl harytlaryň 75 çemesini daşary ýurtlardan getirmäge gadaganlyk girizdi. Ol harytlaryň arasynda maşyn-motordan başlap, dürli görnüşdäki kosmetika harytlary, tualet kagyzlary, delikates azyk önümleri hem bar.

Bu çäre daşary ýurt walýutasynyň ýurtdan çykarylmagynyň öňüni almak we günbatar sanksiýalaryndan zyýan çeken ýerli senagaty goldamak maksady bilen görülýär.

Sanksiýalaryň netijesi

Eýranyň dawaly ýadro programmasy sebäpli Birleşen Ştatlar we Ýewropa tarapyndan girizilen sanksiýalar ýurduň esasy walýuta çeşmesi bolan nebit eksportunyň birden aşak gaçmagyna getirdi. Eýran resmileri bu sanksiýalara garşy durmak üçin “garşy duruş ykdysadyýetine” geçmelidigini, ýagny nebit girdejilerine garaşlylykdan çykyp, içerki önümçiligi ýokarlandyrmalydygyny aýtdylar.

Eýranyň milli puly 40 prosent çemesi hümmetini ýitirdi we eýranlylaryň köpüsi öz tygşytlan pullaryny gyssanmaçlyk bilen berk walýuta we altyna öwürmäge başladylar.

Kommersiýa ministrliginiň resmisi Sasan Hodaýeniň 8-nji noýabrda döwlet eýeçiligindäki “Eýran” gazetinde sitirlenen sözlerine görä, bu gadaganlyk Eýrandaky daşary ýurt walýutalaryny ýurduň öz çäginde saklamak üçin girizilýär.

“Geçen ýyl zynatly harytlaryň importy 4 milliard dollar çemesi boldy. Şeýle harytlary getirmäge rugsat berilmezligi berk walýutanyň mazaly tygşytlanmagyna getirer” diýip, ol aýtdy.

Bu gazet kommersiýa ministri Mehdi Gazanfariniň eýranlylar ýylda import edilýän zynatly harytlara 12 milliard dollar çemesi pul harçlaýar diýendigini ýazdy.

Haryt gaçakçylygy köpeler

Parižde ýaşaýan professor Jamşid Assadiniň “Farda” radiosyna aýtmagyna görä, bu çäre Eýranyň döwlet krizisine düşýändigini aňladaýar. Ol bu gadagançylyk haryt gaçakçylygyny köpelder we zynatly harytlaryň bahasyny gymmatladar diýip pikir edýär.

“Ol ýerde gara ýollar arkaly, serhetaşyr haryt gaçakçylygy köpeler. Netijede, zynatly harytlar köp pully adamlar üçin eleterli bolmmagyny dowam etdirer, ýöne gymmat bahadan” diýip, ol aýdýar.

Gadagan edilen harytlaryň sanawyna, saç we ýüz kremleri, şokoladdyr dürli süýjüler ýaly, ýurt içinde öndürilen harytlar hem girýär. Emma eýranlylaryň köpüsi bu önümleriň daşary ýurtlarda öndürilenini we gowy hillisini ileri tutýar.

Bu gadaganlyk ýurt dükanlarynyň tekjelerini doly boşatjaga meňzemeýär. Sebäbi ýerli zawod-fabrikleriň önümleriniň daşary ýurtlarda öndürilýän bölekleri: “Peugot” maşynlary, Ýewropa markaly tehniki harytlar, laptoplar we mobil telefonlar gadaganlyga düşmeýär.

Gadaganlyk wagtlaýynam diýýärler

Eýran resmileri käbir harytlara girizilen gadaganlygyň wagtlaýyndygyny aýdýarlar.

Kommersiýa ministriniň orunbasary Hamid Safdel kompýuterler, mobil telefonlary babatdaky gadaganlygyň, eger eýran senagatçalyry öndürip ýetişmese, ýatyryljagyny aýdýar.

Habar gulluklary 8-nji noýabrda Safdeliň “Bular ýa ýurduň içinde öndürilmeýän ýa-da ýerli önümçiligiň bar bolan talaba hötde gelmeýän harytlary bolar” diýen sözlerini ile ýetirdiler.

Eýran geçen aý 50 çemesi harydyň eksportuny gadagan edipdi, olaryň içinde bugdaý, şeker we alýumin hem bardy.
XS
SM
MD
LG