Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Fransiýa Siriýanyň täze oppozisiýasyny ykrar etdi


Fransiýa Günbataryň ilkinji döwleti bolup, Siriýanyň täze oppozision koalisiýasyny ykrar etdi. Fransiýanyň prezidenti Fransua Olland bu barada sişenbe güni Parižde žurnalistleriň öňünde çykyş etdi.

Ýekşenbe güni Kataryň Doha şäherinde Siriýanyň oppozisiýa toparlary, prezident Başar al-Assady häkimiýetden agdyrmak üçin, özara ylalaşdylar.

Assada garşy 20 aýa golaý wagt bäri dowam edýän gozgalaňyň netijesinde, on müňlerçe adam öldi.

Sişenbe güni Arap Ligasynyň we Ýewropa Bileleşiginiň daşary işler ministrleri Kaýirde duşuşyp, koalisiýanyň döredilmegini gutladylar, emma resmi taýdan ony ykrar etmediler.
XS
SM
MD
LG